Kebşirleme işleriniň howpsuzlygyna bildirilýän talaplar

16 Awgust 2021
931

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda uly, tutumly işler alnyp barylýar. Uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaklyga gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisinde hem-de ýokary tehnologiýa daýanyp, gazy, nebiti gaýtadan işläp, ondan taýýar görnüşindäki önümleri almakda alnyp barylýan işler oňa doly şaýatlyk edýär.

Bu işleri amala aşyrmakda ulanylýan gurluşlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmekde we gaz geçiriji ulgamda ulanylýan turbalary seplemekde kebşirleme işlerinden giňden peýdalanylýar. Kebşirleme işlerini takyk derejede ýola goýmakda, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda dürli çäreleriň göz öňünde tutulmagy bilen bir hatarda, kebşirleme işleriniň adam saglygyna ýetirýän zyýanynyň öňüni almakda hem aýdyň çözgütlere esaslanylýar. Kebşirleme işleri amala aşyrylanda kesimde, eretmekde we galaýylamada howa gurşawyna täsirini ýetirýän tozan bölejikleri, zyýanly gaz we bug bölünip çykýar. Meselem, gaz görnüşli ftorly birleşmeler, uglerodyň okisi, marganesiň ikili okisi, azodyň okisleri düzüminde bolan kebşirleme aerozoly we beýleki zyýanly maddalar bilen hapalanyp bilýär.

Eziz ANNATAGANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.