"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Marşal adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtomobil benzinini, uçar ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) hem-de agyr wakuum gazoýli satyn aldylar.

Türkmen geologlary batly depgin bilen öňe barýarlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy (öňki «Türkmengeologiýa» müdirligi, «Türkmengeologiýa» geologiýa-gözleg işleri boýunça önümçilik birleşigi) 1938-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Orta Aziýa geologiýa tresti ýapylandan soň döredildi. 1938-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde nebitgaz meýdançalary ýüzleý öwrenildi we tebigy baýlyklaryň aýry-aýry ýüze çykmalaryny hem-de şol wagt zerur bolan tebigy baýlyklaryň ýataklaryny özleşdirmek işleri geçirildi.

Hytaýyň akkumulýatorlary öndürýän kompaniýasy Şanhaýda täze önümçilik toplumyny gurar

Hytaýyň iň iri litiý-ion batareýalaryny öndürýän «Contemporary Amperex Technology» (CATL) kompaniýasy Şanhaý şäherinde halkara ştab-kwartirasyny ýerleşdirmegi we önümçilik toplumyny gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň täze önümçiligi Şanhaýyň Lingang etrapçasynda ýerleşer. Şeýle-de kompaniýa bu ägirt megapolisde global innowasiýa merkezini, geljegiň energiýasy institutyny we ýokary tehnologiýaly önümçilik bilen baglanyşykly taslamalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň kärhanalarynda 24 900 işgär işleýär. 2020-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 27,4 milliard dollaryna barabar boldy.

«Spotify»-niň paýnamalary gymmatlady

«Spotify» kompaniýasynyň paýnamalary aýdym-saz hyzmatynyň direktorlar geňeşiniň paýnamany yzyna ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna çenli satyn almagy tassyklandan soň, 6%-den gowrak ösüş gazandy. Programmanyň möhleti 2026-njy ýylyň sentýabr aýyndan 2027-nji ýylyň aprel aýyna çenli dowam eder. Maglumat üçin aýtsak, 2020-nji ýylyň dowamynda «Spotify»-niň paýnamalary iki esse gymmatlady.

Daşary ýurtly işewürler nebit-himiýa we dokma önümlerine uly isleg bildirýärler

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Gyrgyz Respublikasyndan, Serbiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Owganystandan, Türkiýeden, Täjigistandan, Şweýsariýadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan we Gazagystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropilen önümlerini, awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli nah ýüplügi satyldy. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köki we kök baldaklary satyn alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň 100 dollaryndan gowrak boldy.

Netijeli işler alnyp barylýar

Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy sazlaşykly ösdürilýär. Ykdysadyýetiň strategik pudagy — ýangyç-energetika toplumy düýpli özgerdilýär. Milli azyk howpsuzlygy gazanylyp, onuň çäklerinde milli haryt nyşanly ýerli önümlerimiz dünýä döwletlerine eksport edilýär. Okgunly ylmy-tehnologik ösüş üçin şertler döredilýär. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny giňden sanlylaşdyrmak işi batly depginde dowam edýär. Şeýle işleriň çäklerinde gümrük işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň harby gullukçylarynyň iş we ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ýörelgelerine geçmek baradaky döwlet syýasatymyz esasynda sanly gümrük işini ösdürmegiň uzak möhletleýin geljek üçin ösüş maksatnamasyny kesgitlemäge gönükdirilen wezipelere laýyklykda gümrük edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olarda gümrük gözegçiliginiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň soňky gazananlary hem-de gözegçiligiň innowasion usulyýeti gümrük ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar.

Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň düýpli özgerýän ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ägirt uly üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň guwandyryjy miweleri bolmak bilen birlikde, sazlaşykly ösýän jemgyýetimiziň ajaýyp görkezijileridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik ýurduň köptaraply, ynamly ösüşi, uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegi, ilkinji nobatda, ylymdyr bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe  jemgyýetimiziň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmaklyga, ýurdumyzyň önümçilik pudagyna dünýä ylmynyň gazananlaryny batyrgaý ornaşdyrmaklyga, ýokary tehnologiýalary, ylmy hem-de amaly barlaglaryň oňyn netijelerini üstünlikli peýdalanmagyň derwaýyslygyna aýratyn üns berilýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine oňyn itergi berýän iň gymmatly serişde bolup durýan maglumatlary jemlemekde sanly bilim ulgamynyň döredýän mümkinçilikleri ummasyzdyr. Munuň özi geljekki ykdysady ösüşi çaklamakda, netijede bolsa, ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.

Ykdysadyýetiň kuwwaty ösüşleriň özenidir

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, durnukly ösüşleriň depginini saklamagy üns bermäge laýyk ýagdaýdyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň hut Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmek üçin Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüşlerimizi berkitmek ugrunda tutanýerli işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň öňe hereketlenmegine has-da oňyn täsir etdi. Geografik taýdan hem döwletimiz amatly ýerde ýerleşýär. Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köpsanly amatly şertlere eýe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bu şertlerden ýerlikli peýdalanylyp, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny ösdürmek üçin döwrebap işler durmuşa geçirildi. Ilki bilen döwrebap ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilendigini aýtmak gerek. Bu bolsa öz gezeginde düýpli maýa goýumlary milli ykdysadyýetimize çekmek işini has ýeňilleşdirdi. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi emele getirildi. Munuň üçin dürli möhüm desgalar guruldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde uly möçberde maýa goýmaga amatlylyklary bolan ýurtlaryň biri hasap edilýär.

Kämil bank ulgamynyň döwrebap hyzmatlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň amala aşyrýan ykdysady strategiýasy bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, bank ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ýaly ugurlara gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bank ulgamynyň işini kämilleşdirmekde we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda uly özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Sanly ulgama geçilmegi müşderilerimiz üçin döwrebap mümkinçilikleri döredýär.

Nebite bolan isleg artýar

OPEK guramasy özüniň awgust hasabatynda 2021-nji ýylda dünýä derejesinde nebite bolan isleg baradaky çaklamasyny dowam etdirip, günde 6 million barrele çenli artjakdygyny we 2022-nji ýylda bu islegiň 3,3 million barrele çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar. “2021-nji ýylda dünýä derejesinde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklama, geçen aýyň hasabatyndan üýtgemedi. Bu, jemi içerki önümiň ösüş depginine täzeden seredilendigine garamazdan, çalt depginde ykdysady dikelişiň esasan hem, nebit bilen baglanyşygy bolmadyk pudaklarda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Dünýädäki nebitiň umumy islegi günde, takmynan, 6 million barrele çenli artyp, 96,6 million barrele ýeter” diýlip hasabatda bellenilýär.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakylan Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri üçin serişde bölünip berildi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goraýyş ulgamyny ýokary hünärli hünärmenler, halkara talaplaryna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny üznüksiz pugtalandyrmak hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergileri geçirmek üçin Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi. Bejergi alýan ýaş çagalaryň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň adyndan milli Liderimize döwletimiziň baş baýlygy we guwanjy bolan ýaş raýatlaryň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi. * * *

Ykdysady sazlaşyk — ösüşleriň girewi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda iri halkara çäreleriň geçirilmegi mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň yzygiderli ösüşdediginiň aýdyň görkezijileri bolup durýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde bäş sany ugurdaş çäräniň geçirilmegi özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezdi. Şolaryň birisi-de, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumydyr. Şeýle forumyň geçirilmegi bu halkara çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sebit ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary täzeden dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ony giňeltmek we hil taýdan täzelemek şu günüň wajyp wezipeleri bolup öňe çykýar. Bu babatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz sebitde söwda-ykdysady ugurlary ösdürmek bilen bagly birnäçe başlangyçlary beýan etdi. Şol başlangyçlaryň biri — orta möhletli döwre niýetlenen, ozalky gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak bilen baglydyr. Gahryman Arkadagymyz bu wezipäni çözmegiň ýollaryny ulgamlaýyn esasda gözläp tapyp biljek bäştaraplaýyn iş edara

Geoykdysady giňişlik: üstaşyr geçelgeler

dünýä ýollarynyň altyn halkasy Dünýä ýurtlaryny birleşdirýän ýollar ählumumy ösüşiň möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ony ýokary depginlerde ösdürmäge hyzmat edýär. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä göterilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistandaky özgerişleriň bir ugry-da ulag-üpjünçilik ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň halkara gaz geçirijileri, howa, awtoulag, demir we deňiz ýollary ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir.

Ekologiýa gaýtadan dikeldilýän energetikanyň mümkinçilikleri

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy halkara tejribesini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ýokary netijeli, howpsuz hem-de ekologiýa taýdan arassa energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen energetikasynyň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, goşmaça energiýa çeşmeleriniň — Günüň, ýeliň, gyzgyn suwlaryň, biogazlaryň energiýasynyň halk hojalygynda giňden peýdalanylmagyny ýola goýmak, döwrebap derejede ösdürmek maksady bilen, uly işler amala aşyrylýar. 2018-nji ýylda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnama Türkmenistanda adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň mümkinçiliklerini ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Gözel görkli diýarym!

Günsaýyn özgerýän ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde has-da görklenip, dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekmegi başardy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Şu maksada ýetmek üçin ýurdumyzda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ägirt uly işler amala aşyrylyp, her güni täzeliklere beslenýän Diýarymyzda olar anyk netijesini berýär. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň düzümini toplumlaýyn kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň raýatlaryny ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk konsepsiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän döwlet ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerinde Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda bar bolan ýaşaýyş jaý gaznasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, dürli belentlikdäki ýaşaýyş jaý toplumlary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Bu bolsa adamlaryň amatly, hil taýdan ýokary bolan ýaşaýyş jaýlaryny şahsy isleglerine görä saýlap almak şertleriniň has-da artmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň maý aýynyň 25-ine ak pata bermeginde gurluşygyna başlanan «Şäher içindäki şäher» ýörelgesi boýunça tasla

Salgyt ulgamynda sanly ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň düzüminde amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeler ykdysady ösüşiň täze çeşmelerini gözlemegiň we ulanylman duran mümkinçilikleri herekete girizmegiň çäklerini giňeltdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda nobatdaky ädime öwrüldi. Çünki innowasion ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam edýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Sanly ykdysadyýet häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň örän möhüm bölegine öwrülýär. Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmeginiň sebäbi döwlet dolandyryşynyň, maliýe ulgamynyň, lomaý we bölek söwdanyň, jemagat we durmuş hyzmatlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Munuň özi dürli pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga itergi berýär, işewürler we telekeçiler üçin täze mümkinçilikleri döredýär, dünýä bazarlaryna çykmagyň täze ýollaryny açýar.

Energiýa üpjünçiligi — möhüm wezipe

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Il bähbitli özgertmeleriň esasynda bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, eziz Diýarymyzyň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Özgertmelere beslenýän ýurdumyzda energetika toplumy has-da uly ösüşlere eýe bolup, öňdebaryjy pudaklaryň birine öwrüldi. Bu pudagy döwrebap we talabalaýyk kämilleşdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarydyr tagallalary, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de onuň halkara derejedäki milli kanunçylyk we anyk taslamalar arkaly berkidilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle beýik tagallalaryň netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň uly bölegi senagatda, jemagat we oba hojalygynda ulanylýar. Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň esasynda peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, sarp edijileriň ählisini elektrik energiýasy hem-de ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün etmekde «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy möhüm orna eýedir. Welaýatymyzda şu korporasiýa degişli bolan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşigi hem ýurdumyzyň energe

Kärhananyň ynamly gadamlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen ýedi aýyny ýokary netijeler bilen jemlän Lebap welaýatynyň senagat kärhanalarynyň arasynda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy-da bar. Dogrusy, bu kärhana özüniň ösüş basgançaklaryny birsyhly ýokarlandyrmak bilen, indi diňe bir welaýatda däl, tutuş ýurdumyz boýunça-da öňdebaryjylaryň hataryna goşuldy. Eýsem, şeýle ösüşler nämäniň hasabyna gazanylýarka? Ine, şeýle sowal bilen gyzyklanyp, biz bu öňdebaryjy kärhanada bolup, önümçilik işi bilen tanyşdyk. Jemi 1400-den gowrak işgäri bolan bu kärhana önümhanalaryň 26-syny özüne birleşdirýär. Olarda öndürilýän önümleriň görnüşleri-de, möçberi-de ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň ýedi aýynda kärhana 55 million 800 müň manatlyk önüm öndürip, bu baradaky tabşyrygy 106,6 göterim ýerine ýetirdi. Kärhananyň esasy önümi bolan fosforly dökünleriň 151 müň 480 tonnasy öndürilip, bu baradaky tabşyryk hem 130 göterim berjaý edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň oba hojalygy üçin zerur bolan fosforly döküniň ýeterlik möçberi öndürilip, häzirki wagtda ol degişli ýerlerine yzygiderli ugradylýar. Ýurdumyzyň daýhanlary güýzde başlanýan bugdaý ekişiniň öň ýanynda topragy hut şu dökün bilen gurplandyrýarlar. Bu döküniň ekin üçin zerurlygyna gowy düşünýän hünärmenler onuň düzümini talaba görä baýlaşdyryp durýarlar. Kakajan Geldiýewiň ýolbaşçylyk edýän işçiler topary bu ba

Sanly ykdysadyýet: tygşytly we goragly

Hormaty Prezidentimiziň 9-njy iýulda 6 aýyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, elektron resminama dolanyşygyny ähli edara-kärhanalarda ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek barada içgin nygtamagy ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işlere ünsüň ýokarydygyny görkezýär. Elektron ulgam arkaly sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini öz öýünden ýa-da iş ýerinden ýokary tizlikli internetiň üsti bilen amala aşyrmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şunda diňe bir hususyýetçilerimiz tarapyndan hyzmatlaryň bu görnüşleri ulanylman, eýsem, döwlet edara-kärhanalary, karz edaralary we banklar tarapyndan hem müşderilere uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlarynyň birnäçe görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň hatarynda müşderilere bankyň internet saýtyna girip, «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyp, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri geçirip ýa-da zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli resminamalarynyň elektron görnüşini ugradyp, islendik möçberde karz serişdeleri almaga, karzyň esasy we göterim töleglerini tölemäge mümkinçilik döredilen.

Milli ykdysadyýetimiziň beýik ösüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilip, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak üçin öňe ädilýän ädimler özüniň oňyn netijesini berýär. Bazar gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman şertlerinde bu babatda alnyp barylýan beýik işler aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri-de telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden we onuň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürlik we hususy telekeçilik işi giň gerime eýe boldy. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi artýar. Dünýä işewürliginde gazanylýan oňyn netijeler, tejribeler we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ulgamyň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.