Hytaýyň akkumulýatorlary öndürýän kompaniýasy Şanhaýda täze önümçilik toplumyny gurar

23 Awgust 2021
897

Hytaýyň iň iri litiý-ion batareýalaryny öndürýän «Contemporary Amperex Technology» (CATL) kompaniýasy Şanhaý şäherinde halkara ştab-kwartirasyny ýerleşdirmegi we önümçilik toplumyny gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň täze önümçiligi Şanhaýyň Lingang etrapçasynda ýerleşer. Şeýle-de kompaniýa bu ägirt megapolisde global innowasiýa merkezini, geljegiň energiýasy institutyny we ýokary tehnologiýaly önümçilik bilen baglanyşykly taslamalaryny ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.

Häzirki wagtda kompaniýanyň kärhanalarynda 24 900 işgär işleýär. 2020-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýanyň maýa dolanyşygy ABŞ-nyň 27,4 milliard dollaryna barabar boldy.