Netijeli işler alnyp barylýar

22 Awgust 2021
973

Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy sazlaşykly ösdürilýär. Ykdysadyýetiň strategik pudagy — ýangyç-energetika toplumy düýpli özgerdilýär. Milli azyk howpsuzlygy gazanylyp, onuň çäklerinde milli haryt nyşanly ýerli önümlerimiz dünýä döwletlerine eksport edilýär. Okgunly ylmy-tehnologik ösüş üçin şertler döredilýär. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny giňden sanlylaşdyrmak işi batly depginde dowam edýär. Şeýle işleriň çäklerinde gümrük işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň harby gullukçylarynyň iş we ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandyrylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň innowasion ýörelgelerine geçmek baradaky döwlet syýasatymyz esasynda sanly gümrük işini ösdürmegiň uzak möhletleýin geljek üçin ösüş maksatnamasyny kesgitlemäge gönükdirilen wezipelere laýyklykda gümrük edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olarda gümrük gözegçiliginiň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň soňky gazananlary hem-de gözegçiligiň innowasion usulyýeti gümrük ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar.

Kakajan WELLEKOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.