Energiýa üpjünçiligi — möhüm wezipe

18 Awgust 2021
982

Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Il bähbitli özgertmeleriň esasynda bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, eziz Diýarymyzyň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Özgertmelere beslenýän ýurdumyzda energetika toplumy has-da uly ösüşlere eýe bolup, öňdebaryjy pudaklaryň birine öwrüldi. Bu pudagy döwrebap we talabalaýyk kämilleşdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarydyr tagallalary, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly şertleriň döredilmegi hem-de onuň halkara derejedäki milli kanunçylyk we anyk taslamalar arkaly berkidilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Şeýle beýik tagallalaryň netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň uly bölegi senagatda, jemagat we oba hojalygynda ulanylýar. Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň esasynda peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, sarp edijileriň ählisini elektrik energiýasy hem-de ýylylyk bilen bökdençsiz üpjün etmekde «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy möhüm orna eýedir. Welaýatymyzda şu korporasiýa degişli bolan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşigi hem ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşine önjeýli goşant goşýan kärhanalaryň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýar. Bu ýerde göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilip, oňat görkezijileriň gazanylmagy aýdylanlary doly tassyklaýar.

Şeker ROZUMBAÝEWA.