«Spotify»-niň paýnamalary gymmatlady

23 Awgust 2021
1113

«Spotify» kompaniýasynyň paýnamalary aýdym-saz hyzmatynyň direktorlar geňeşiniň paýnamany yzyna ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna çenli satyn almagy tassyklandan soň, 6%-den gowrak ösüş gazandy.

Programmanyň möhleti 2026-njy ýylyň sentýabr aýyndan 2027-nji ýylyň aprel aýyna çenli dowam eder. Maglumat üçin aýtsak, 2020-nji ýylyň dowamynda «Spotify»-niň paýnamalary iki esse gymmatlady.