Ykdysadyýetiň kuwwaty ösüşleriň özenidir

20 Awgust 2021
984

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, durnukly ösüşleriň depginini saklamagy üns bermäge laýyk ýagdaýdyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň hut Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmek üçin Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüşlerimizi berkitmek ugrunda tutanýerli işleriň alnyp barylmagy milli ykdysadyýetimiziň öňe hereketlenmegine has-da oňyn täsir etdi.

Geografik taýdan hem döwletimiz amatly ýerde ýerleşýär. Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köpsanly amatly şertlere eýe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda bu şertlerden ýerlikli peýdalanylyp, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny ösdürmek üçin döwrebap işler durmuşa geçirildi. Ilki bilen döwrebap ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilendigini aýtmak gerek. Bu bolsa öz gezeginde düýpli maýa goýumlary milli ykdysadyýetimize çekmek işini has ýeňilleşdirdi. Halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegi emele getirildi. Munuň üçin dürli möhüm desgalar guruldy. Häzirki wagtda Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde uly möçberde maýa goýmaga amatlylyklary bolan ýurtlaryň biri hasap edilýär.

Klara SADATOWA,
Köýtendag etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň mugallymy.