Ekologiýa gaýtadan dikeldilýän energetikanyň mümkinçilikleri

18 Awgust 2021
960

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy halkara tejribesini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ýokary netijeli, howpsuz hem-de ekologiýa taýdan arassa energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Türkmen energetikasynyň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, goşmaça energiýa çeşmeleriniň — Günüň, ýeliň, gyzgyn suwlaryň, biogazlaryň energiýasynyň halk hojalygynda giňden peýdalanylmagyny ýola goýmak, döwrebap derejede ösdürmek maksady bilen, uly işler amala aşyrylýar.

2018-nji ýylda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnama Türkmenistanda adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagyň mümkinçiliklerini ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Şanazar ALLAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.