"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Energetikleriň ynamly gadamlary

Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň biri hökmünde Watanymyzyň bedew batly ösüşlerinde möhüm orna eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamy düýpli ösdürmäge uly üns berilýär. Munuň şeýledigine Balkan welaýatynda amala aşyrylan we dowamat tapýan ägirt uly işleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mundan bary-ýogy birnäçe ýyl öň, Hazar deňziniň kenarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň iň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze «Awaza» Döwlet elektrik stansiýasy gurlup, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Şonuň yzysüre bolsa welaýat merkezindäki öň hereket edýän Balkanabat Döwlet elektrik stansiýasynyň düzüminde täze gurlan energobloklaryň birbada ikisiniň herekete girizilmegi netijesinde, bu bekediň kuwwatlylygy düýpli artdyryldy. Kenarýaka Türkmenbaşy şäherindäki ýylylyk elektrik merkeziniň bölekleýin döwrebaplaşdyrylyp, täzeden enjamlaşdyrylmagy bilen bolsa tutuş welaýatda elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri has-da artdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden «Balkan welaýatynyň birnäçe etraplaryny durmuş-ýaşaýyş taýdan toplumlaýyn ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararyna laýyklykda, welaýatda bu ulgamda il-ýurt bähbitli işleriň ýene ençemesiniň amala aşyrylmagy günbatar sebitiň ösüşlerinde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Sanly ykdysadyýet: döwrebaplygyň binýady

Häzirki wagtda Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan durnukly ösýän senagat döwleti hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilen ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Hususan-da, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak we iň kämil innowasiýalar bilen üpjün etmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýurdumyzda ösen sanly giňişligi kemala getirmek, bäsdeşlige ukyply önümçiligi innowasion tehnologiýalaryň hasabyna ösdürmek üçin uly möçberli maýa goýumlar goýulýar. Daşary ýurtlarda öndürilen iň kämil innowasiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna giňden ornaşdyrylyp, önümçiligi dolandyrmakda kompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy sentýabryna çenli ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç almaga gelýän raýatlara bank tarapyndan gurnalan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende «Altyn asyr» bank kart hasaplaryna «Cash back» pul sylagynyň 3 göterim möçberinde ýokarlandyrandygyny habar berýär. Hormatly raýatlar!

Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününe

YHLASLY ZÄHMETIŇ BAR ÝERINDE Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup, yzygiderli ulanylmaga berilýär. Bu ugurdaky işleriň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagynda gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň hem degerli goşantlarynyň bardygyny bellemek gerek. Bu barada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýeti uly. Çünki bu ýerde dürli görnüşli gurluşyk desgalarynda ulanylýan gurnama demir-beton önümlerini öndürmek boýunça işler berjaý edilýär.

Belent sepgitleriň eýýamy

Hormatly Prezidentimiz öz halkyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni peşgeş bermek bilen, il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagy, gurmagy we döretmegi ugrunda ýadawsyz aladalanýar. Ajap eýýamymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň durnukly ösdürilmegi, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy bilen bagly tutumly işleriň bady artýar. Döwrebap tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzyň beýik binalary, wajyp desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygam giň gerime eýe bolýar. Şäher-obalarymyzyň gözel keşbinem bu gün synlamaga göz gerek. Döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylymyzyň ýokary zähmet üstünlikleri, taryhy wakalary her birimiziň guwanjymyzy goşalandyrýar. Şanly wakalary bilen şöhratlanýan ýylymyzyň ýene bir baýramçylygy — Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni gelip ýetdi. Toýlary toýlara ulaşýan güneşli Diýarymyz bu günki günde ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bilşimiz ýaly, energetika pudagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň iri we öňdebaryjy pudaklarynyň biri. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen elektroenergetika pudagyny ösdürmekde ägirt uly işler bitirilýär. Soňky ýyllarda Mary DES-iniň senagat zolagynda gurlup, ulanylmaga berlen kämil tehnologiýaly t

Önümçilik — iki esse

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodynda öndürilen polietilen hem-de polipropilen turbalaryň uly tapgyry baglaşylan şertnama esasynda sarp edijilere ugradyldy. Senagat ulgamyny sanlylaşdyrmak maksady bilen ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalardyr iň kämil enjamlar önümleriň möçberini artdyrmaga hem-de hilini ýokarlandyrmaga, iň esasy-da, önümçilik ulgamlarynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Plas­tik önüm­le­r azal­dy­lar

Ýa­pon hö­kü­me­ti hyz­mat pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri­ni ga­lyn­dy­la­ra gar­şy çä­re­le­riň çä­gin­de müş­de­ri­le­re be­ril­ýän plas­tik önüm­le­riň muk­da­ry­ny azalt­ma­ga borç­ly ed­ýär. Sa­na­wa plas­tik iý­mit gap-gaç­la­ry, as­gyç­lar, da­rak­lar, diş çot­ga­la­ry we iç­gi tur­ba­jyk­la­ry ýa­ly 12 önüm gi­rdi. Bu çä­re­ler 2022-nji ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­de güý­je gi­rip, il­kin­ji no­bat­da, ýyl­da 5 ton­na­dan gow­rak plas­tik önüm­le­ri ulan­ýan res­to­ran­la­ra, iý­mit el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry­na, myh­man­ha­na­la­ra, hi­mi­ki usul bi­len ge­ýim aras­sa­la­ýan öý­le­re tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Müş­de­ri­le­re şeý­le önüm­ler hem tö­leg­li edi­lip bil­ner.

Iň uly we güýç­li ýel bekedi gu­rul­ýar

Hy­ta­ýyň «Ming Yang Smart Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň uly de­ňiz ýel be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. «My­SE 16.0-242» ky­sym­ly ýel tur­bi­na­sy, beý­le­ki bir uly ýel be­ke­di bo­lan «My­SE 11.0-203»-e ky­bap­daş­dyr. Onuň dia­met­ri 19 gö­te­rim­den köp bo­lup, tä­ze en­jam öň­kü­sin­den 45 gö­te­rim güýç­li hem-de hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de iň kuw­wat­ly­sy ha­sap­lan­ýar. Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da hä­zir­ki şert­ler­de de­ňiz ýel­le­ri ar­ka­ly ener­gi­ýa al­ma­k äh­li ugur­la­ryň için­de iň gym­ma­dy ha­sap­lan­ýar. Bir me­ga­wat sa­ga­dyň ba­ha­sy 120, 52 dol­lar, kö­mür üçin bu gör­ke­zi­ji ba­ry-ýo­gy 72,78 dol­lar, Gün pa­nel­le­ri üçin bol­sa 32,78 dol­lar. Ýo­ka­ry çyk­da­jy­lar pu­da­gyň ös­me­gi­ne päs­gel­çi­lik dö­ret­se-de, çöz­güt ta­py­lyp, has uly tur­bi­na­la­ry gur­mak mak­sat edi­nil­ýär. Ýel tur­bi­na­la­ry­nyň ga­nat­la­ry­nyň ara­ly­gy nä­çe uzak bol­sa, şon­ça-da tä­sir­li bol­ýar. Şu ýö­rel­ge­le­re eýe­ri­lip, «Ming Yang Smart Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 118 metr, be­ýik­li­gi 242 metr bo­lan ýel tur­bi­na­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp düz­diü­ler. Uly ýel tur­bi­na­sy­nyň kuw­wa­ty 16 MWt-ä deň bo­lup, ýyl­da 80 GWt-sa­gat ener­gi­ýa ön­dü­rer.

Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň «al­tyn aça­ry»

Hy­ta­ý Halk Respublikasynyň Baş­ly­gy Si Szin­pin ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky pa­ra­hat­çy­ly­gy, saz­la­şyk­ly ösü­şi we öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gy hal­ka­ra yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki hem-de söw­da we ma­ýa go­ýum­lar­da­ky me­se­le­le­ri çöz­me­giň «al­tyn aça­ry» di­ýip at­lan­dyr­dy. Bu ba­ra­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň li­de­ri Hyz­mat­lar bo­ýun­ça hytaý hal­ka­ra söwda sergisiniň (CIF­TIS) çä­gin­de ge­çi­ril­ýän glo­bal sam­mit­de mä­lim et­di. Mun­dan baş­ga-da, Si Szin­pin Hy­ta­ýyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň di­kel­me­gi­ne we ös­me­gi­ne iter­gi ber­mek üçin äh­li ýurt­lar bi­len hyzmatdaşlyk etmäge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy. Hu­su­san-da, HHR teh­no­lo­gi­ki ösüş pu­da­gyn­da ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä bi­len paý­laş­ma­ga ta­ýyn. Si Szin­pi­niň pi­ki­ri­çe, ýurt­lar has go­wy gel­je­gi gur­mak üçin bi­le­lik­de iş­le­me­li. Hyz­mat­lar bo­ýun­ça hytaý hal­ka­ra söwda sergisi (CIF­TIS) 2-7-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da Pe­kin­de ge­çi­ril­di. Şu ýyl dün­ýä­niň 153 ýur­dun­dan we se­bit­le­rin­den 10 müň­den gow­rak kär­ha­na ýar­mar­ka gat­naş­mak üçin ýüz tut­dy. Bu çä­re Hy­taý bi­len Ýew­ra­zi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­la­ryň söw­da­sy­ny ös­dür­mek­de, ser­gi­le­ri gu­ra­mak­da, alyş-ça­lyş we hyz­mat­daş­lyk üçin mö­hüm plat­for­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär.

13,5 mil­liard dol­lar bölüp be­rer

Ýa­po­ni­ýa­nyň «Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy gel­jek on ýy­lyň do­wa­myn­da aw­tou­lag ba­ta­re­ýa­la­ry­ny we ola­ryň üp­jün­çi­lik zyn­jy­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len 13,5 mil­liard dol­lar­dan gow­rak pul sarp eder. Kom­pa­ni­ýa­nyň ben­zin­li gib­rid ula­gy bo­lan «Prius» mo­de­li­ne is­leg ýo­ka­ry bol­dy. Şeý­le bo­lan­soň, beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar hem şu­ňa meň­zeş ulag­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­dy­lar. Ýa­pon bren­di gel­jek ýyl­dan baş­lap do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji aw­tou­lag­la­ry­ny dün­ýä ba­za­ry­na hö­dür­läp baş­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň esa­sy mak­sa­dy ener­gi­ýa­nyň aras­sa gör­nüş­le­ri bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň ba­ha­sy­ny ar­zan­lat­mak­dan we hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li et­mek­den yba­rat. Hä­zir­ki wagt­da elekt­rou­lag­lar ada­ty ýan­gyç­ly ulag­lar­dan has gym­mat bol­ma­gyn­da gal­ýar. «Toyo­ta»-nyň iş­läp taý­ýar­la­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ba­ta­re­ýa­la­ryň ba­ha­sy­ny 30 gö­te­rim ar­zan­la­dar. Ba­ta­re­ýa­lar elekt­rou­lag­la­ryň iň gym­mat bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem bu ba­ta­re­ýa­lar has agyr bo­lup, ula­ga goş­ma­ça ýük bol­ýar. Ola­ryň ag­ra­my­nyň ýeň­le­dil­me­gi, ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ulag­la­ryň ba­ha­sy­nyň gör­ne­tin ar­zan­la­ma­gy­na ge­ti­rer. Kom­pa­ni­ýa­nyň teh­no­lo­gi­ýa­dan jo­gap­kär ýol­baş­çy­sy Ma­sa­hi­ko Mae­da ýa­kyn­da sa­tu­wa

Ýew­ro­pa­da­ky önüm­çi­li­gi­ni art­dy­rar

Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýa­rym­ge­çi­ri­ji ön­dü­ri­ji­si bo­lan «In­tel» Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da­ky önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa gel­jek 10 ýy­lyň do­wa­myn­da 80 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rer. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de iki sa­ny za­wod gur­lar. Şeý­le hem Ir­lan­di­ýa­da­ky za­wo­dyn­da hä­zir­ki wagt­da aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de ýü­ze çy­kan çip ýet­mez­çi­li­gi me­se­le­si­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­le­ri dur­mu­şa ge­çi­rer. «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Pat Gel­sin­ger Ýew­ro­pa­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dün­ýä­de çip önüm­çi­li­gin­de hem-de teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da öňe­gi­diş­lik ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­jek­di­gi­ni aýt­dy. Gel­sin­ger hä­zir­ki wagt­da aw­tou­lag­la­ryň ti­gir­le­ri­niň hem komp­ýu­te­re öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Ozal di­ňe elekt­ron en­jam­lar­da ula­nyl­ýan çip­ler hä­zir­ki wagt­da mo­bil en­jam­la­ryň äh­li gör­nüş­le­rin­de, öý ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ryn­da, ara­gat­na­şyk en­jam­la­ryn­da we aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Şol se­bäp­li ýa­rym­ge­çir­ji­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri dö­re­di­lip, ola­ra bo­lan is­leg gün­sa­ýyn ýo­kar­lan­ýar.

Şo­ko­lad önüm­çi­li­gin­de öň­de­ba­ry­jy bol­mak­çy

2021-nji ýyl­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy şo­ko­lad üp­jün­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy 10 ýur­du­nyň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gy mak­sat edin­ýär. 11-nji bas­gan­çak­da­ky Rus­si­ýa Şweý­sa­ri­ýada­n öňe geçip, 10-njy or­na geçmegi me­ýil­leş­dir­ýär. Soň­ky 5 ýyl­da Rus­si­ýa­nyň şo­ko­lad üp­jün­çi­li­gi iki es­se ar­typ, 300 müň ton­na ýet­di. Şu ýy­lyň ýan­war-iýul aý­la­ryn­da bu önü­miň eks­port gör­ke­zi­ji­si 144 müň ton­na ýet­di. Rus­si­ýa dün­ýä­niň 75 ýur­du­na şo­ko­lad önüm­le­ri­ni eks­port ed­ýär. Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň dü­zü­mi­ne gir­ýän ýurt­lar bu eks­port­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. 2021-nji ýyl­da Rus­si­ýa Ne­pal, Bos­ni­ýa we Ger­so­go­win­a, şeý­le De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa il­kin­ji ge­zek şo­ko­lad eks­por­ty­na baş­la­dy.

Goz­gal­ma­ýan em­lä­ge ma­ýa go­ýar

Nor­we­gi­ýa­nyň pen­si­ýa gaz­na­sy daş­ky gur­şa­wyň aýaw­ly sak­lan­ma­gy­ny mak­sat edi­nip, goz­gal­ma­ýan em­läk pu­da­gy­na ma­ýa go­ýar. Öz ug­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň iň uly fon­dy ha­sap­lan­ýan Nor­we­gi­ýa­nyň pen­si­ýa gaz­na­sy 2015-nji ýyl­da gol çe­ki­len Pa­riž şert­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­la­ra ýet­mek üçin 30 mil­liard dol­lar goý­be­rer. «Nor­ges Bank» ban­ky­nyň ma­ýa go­ýum­lar bo­ýun­ça mü­di­ri Mýe Hols­tad gaz­na­nyň daş­ky gur­şaw, so­si­al we do­lan­dy­ryş ýa­ly ugur­lar­da şow­ly sy­ýa­sa­ty­nyň bar­dy­gy­ny aý­dyp, daş­ky gur­şaw tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­ne taý­ýar­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Gaz­na şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da 9,4 gö­te­rim gir­de­ji ga­za­nyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji 110 mil­liard dol­la­ra ga­bat gel­ýär.

Pag­ta ýy­gy­my­na ba­dal­ga be­ril­di

8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Edermen babadaýhanlar pagta ýygymyna köpçülikleýin girişdiler. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar. Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na bes­le­nen şu ýyl­da ýur­du­myz­da «ak al­ty­nyň» bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Hä­zir oba zäh­met­keş­le­ri­niň baş we­zi­pe­si ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly öz wag­tyn­da we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak­dan yba­rat­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 3-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bu ba­ra­da aýt­mak bi­len, pag­ta­çy­la­ra we äh­li daý­han­la­ra ata Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne çek­ýän yh­las­ly zäh­me­tin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwrebap ulag-üstaşyr logistik infrastrukturasyny çalt emele getirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän anyk işleri diňe bir milli ykdysadyýetde däl, eýsem ösüşiň sebitleýin ugurlaryna hem güýçli itergi berdi. Geografik taýdan amatly ýerleşen, sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan ýurdumyz bu ugurda özüniň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar. Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasynyň «Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşma hem-de innowasiýalara ýardam bermek» atly 9-njy maksadyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Oňa laýyklykda, hemmeler üçin elýeterliligiň üpjün edilmegine aýratyn üns bermek, ykdysady ösüşi, abadançylygy goldamak, sebitleýin we serhetüsti infrastrukturany goşmak bilen durnukly infrastrukturany ösdürmek maksadynda onlarça demir ýol menzilleri, demir ýol we awtomobil köprüleri, estakadalar, ýol bölüjiler guruldy. Ýurdumyzyň senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň köpugurlylygyny gazanmak, innowasion häsiýetli önümçilikleri giň gerimde ösdürmek babatynda-da düýpli işler alnyp barylýar.

Dünýä uzaýan ýollar

Türkmenistan döwletimiz Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr gatnawlaryny amala aşyrmak kuwwatyna eýedir. Bu babatda halkymyzyň we sebitiň hem-de dünýä döwletleriniň bähbitlerine laýyklykda doly we netijeli peýdalanmakda uly tutumly işlere badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň saýlap alan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýar. Ýurdumyz sebitde ynanyşmak esasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Türkmenistan ählumumy ösüşiň ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň tagallalaryny birikdirmäge-de mynasyp goşandyny goşýar. Golaýda hormatly Prezidentimiz sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatynda iş saparynda boldy. Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Garabogaz aýlagynyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine baryp gördi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam edýär. Türkmenistan Wata

Täze binada nepis halylar dokalýar

Belent durky, gül görki bilen dumly-duşa ýaraşyk berýän täze bina Gün nuruna öwşün atýar. Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky haly önümhanasynyň döwrebap binasy ezelden gelýän inçe sungatyň, deňsiz-taýsyz nepisligiň täze nusgalarynyň döredilýän ýerine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli toý dabaralary bilen nurlanýan häzirki günlerde önümhananyň giň hem ýagty eýwany täze güýç bilen batly kakylýan daraklaryň owazyna dolýar, işiň başky güni täze ýüwürdilen halylaryň gölleri bitip, eýýäm boýy ýetip barýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna sahawatly saparyna gabatlanyp ulanylmaga berlen bu bina etrabyň ellerinden dür dökülýän gelin-gyzlaryna ajaýyp toý sowgady boldy. Ýarym gektara barabar umumy meýdanyň esasy bölegini haly kärhanasynyň iki gatly binasy eýeleýär. Onuň degresini giň howly, goşmaça gulluk jaýlary gurşap alýar. Binanyň birinji gatynda giňligi 860 inedördül metre barabar bolan eýwan ýerleşýär. Giň hem ýagty eýwanda haly ýüwürdilýän, dokalýan sütün-enjamlaryň 40 sanysy, ölçeg möçberine laýyklykda, degişli tertibi bilen oturdyldy. Sowadyjy hem gyzgyn berýän ýörite enjamlar halyçylaryň 150-siniň esasy işlejek ýeri bolan giň eýwanda ýylyň ähli paslynda howanyň amatly derejesiniň saklanmagyny üpjün edýär.

Energetika ulgamynyň döwrebap binýady

3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze desga ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edildi. Bu waka ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport mümkinçilikleri giňeltmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan tassyklanylan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Iri kärhanada işler ilerleýär

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benzin öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle oňyn görkezijiler beýleki geçginli önümleri öndürmekde-de gazanyldy. Olaryň arasynda dizel ýangyjy, agyr wakuum gazoýly, ýol bitumy hem bar. Munuň özi iri kärhananyň agzybir işgärleriniň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen barmak barada beren sözlerinde abraý bilen tapyljakdyklaryndan habar berýär. Sözümiz gury bolmaz ýaly, üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda gazanylan netijelere ýüzleneliň. Hasabat döwründe kärhanada dürli kysymly benziniň jemi 135,2 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 77,6 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 22,8 müň tonnadan gowragy, ýol bitumynyň 19,5 müň tonna golaýy öndürildi. Kärhananyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda ösen islegiň bardygyny, olaryň sarp edijilere bökdençsiz ugradylýandygyny hem bellemek ýerlikli bolar.

Täze elektrik stansiýasy sebitiň energiýa kuwwatyny artdyrar

Geçen anna güni Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze gurlan, kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň dabaraly açylyp, işe girizilmegi diňe Lebap welaýatynyň ilatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleriniň ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanyndaky toý şatlygyny artdyrdy. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edilen bu desga ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde we eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda şunuň ýaly, ýurduň energiýa bolan talaplaryny doly kanagatlandyrmaga gönükdirilen beketleriň birnäçesi guruldy, öň hereket edýänleriniň kuwwaty artdyrylyp, döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär.