Iri kärhanada işler ilerleýär

6 Sentýabr 2021
877

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda benzin öndürmekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 158,9 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle oňyn görkezijiler beýleki geçginli önümleri öndürmekde-de gazanyldy. Olaryň arasynda dizel ýangyjy, agyr wakuum gazoýly, ýol bitumy hem bar. Munuň özi iri kärhananyň agzybir işgärleriniň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen barmak barada beren sözlerinde abraý bilen tapyljakdyklaryndan habar berýär.

Sözümiz gury bolmaz ýaly, üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda gazanylan netijelere ýüzleneliň. Hasabat döwründe kärhanada dürli kysymly benziniň jemi 135,2 müň tonna golaýy, dizel ýangyjynyň 77,6 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 22,8 müň tonnadan gowragy, ýol bitumynyň 19,5 müň tonna golaýy öndürildi. Kärhananyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda ösen islegiň bardygyny, olaryň sarp edijilere bökdençsiz ugradylýandygyny hem bellemek ýerlikli bolar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».