8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Edermen babadaýhanlar pagta ýygymyna köpçülikleýin girişdiler. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde bu barada aýtmak bilen, pagtaçylara we ähli daýhanlara ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine çekýän yhlasly zähmetinde uly üstünlikleri arzuw etdi.