Iň uly we güýç­li ýel bekedi gu­rul­ýar

9 Sentýabr 2021
1103

Hy­ta­ýyň «Ming Yang Smart Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň uly de­ňiz ýel be­ke­di­niň gur­lu­şy­gy­na baş­la­nan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. «My­SE 16.0-242» ky­sym­ly ýel tur­bi­na­sy, beý­le­ki bir uly ýel be­ke­di bo­lan «My­SE 11.0-203»-e ky­bap­daş­dyr. Onuň dia­met­ri 19 gö­te­rim­den köp bo­lup, tä­ze en­jam öň­kü­sin­den 45 gö­te­rim güýç­li hem-de hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de iň kuw­wat­ly­sy ha­sap­lan­ýar.

Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da hä­zir­ki şert­ler­de de­ňiz ýel­le­ri ar­ka­ly ener­gi­ýa al­ma­k äh­li ugur­la­ryň için­de iň gym­ma­dy ha­sap­lan­ýar. Bir me­ga­wat sa­ga­dyň ba­ha­sy 120, 52 dol­lar, kö­mür üçin bu gör­ke­zi­ji ba­ry-ýo­gy 72,78 dol­lar, Gün pa­nel­le­ri üçin bol­sa 32,78 dol­lar. Ýo­ka­ry çyk­da­jy­lar pu­da­gyň ös­me­gi­ne päs­gel­çi­lik dö­ret­se-de, çöz­güt ta­py­lyp, has uly tur­bi­na­la­ry gur­mak mak­sat edi­nil­ýär. Ýel tur­bi­na­la­ry­nyň ga­nat­la­ry­nyň ara­ly­gy nä­çe uzak bol­sa, şon­ça-da tä­sir­li bol­ýar. Şu ýö­rel­ge­le­re eýe­ri­lip, «Ming Yang Smart Ener­gy» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 118 metr, be­ýik­li­gi 242 metr bo­lan ýel tur­bi­na­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny iş­läp düz­diü­ler. Uly ýel tur­bi­na­sy­nyň kuw­wa­ty 16 MWt-ä deň bo­lup, ýyl­da 80 GWt-sa­gat ener­gi­ýa ön­dü­rer.