Ýapon hökümeti hyzmat pudagynyň wekillerini galyndylara garşy çäreleriň çäginde müşderilere berilýän plastik önümleriň mukdaryny azaltmaga borçly edýär. Sanawa plastik iýmit gap-gaçlary, asgyçlar, daraklar, diş çotgalary we içgi turbajyklary ýaly 12 önüm girdi.
Bu çäreler 2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde güýje girip, ilkinji nobatda, ýylda 5 tonnadan gowrak plastik önümleri ulanýan restoranlara, iýmit eltip bermek hyzmatlaryna, myhmanhanalara, himiki usul bilen geýim arassalaýan öýlere täsirini ýetirer. Müşderilere şeýle önümler hem tölegli edilip bilner.