Täze elektrik stansiýasy sebitiň energiýa kuwwatyny artdyrar

6 Sentýabr 2021
862

Geçen anna güni Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze gurlan, kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň dabaraly açylyp, işe girizilmegi diňe Lebap welaýatynyň ilatynyň däl, eýsem, ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleriniň ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanyndaky toý şatlygyny artdyrdy.

Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bina edilen bu desga ýurdumyzy senagatlaşdyrmakda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde we eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda şunuň ýaly, ýurduň energiýa bolan talaplaryny doly kanagatlandyrmaga gönükdirilen beketleriň birnäçesi guruldy, öň hereket edýänleriniň kuwwaty artdyrylyp, döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzyň iri senagat toplumlaryny we köp sanly durmuş desgalaryny elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Nazarmuhammet GOÇYÝEW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň esasy inženeri.