Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününe

10 Sentýabr 2021
1090

YHLASLY ZÄHMETIŇ BAR ÝERINDE

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup, yzygiderli ulanylmaga berilýär. Bu ugurdaky işleriň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagynda gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň hem degerli goşantlarynyň bardygyny bellemek gerek. Bu barada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýeti uly. Çünki bu ýerde dürli görnüşli gurluşyk desgalarynda ulanylýan gurnama demir-beton önümlerini öndürmek boýunça işler berjaý edilýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».