"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Senagat kuwwaty artýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçilik pudagy uly ösüşleri başdan geçirýär. Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem öz işlerini üstünlikli alyp barýan hususyýetçileriň ýüzlerçesi bar. Olaryň bir bölegi senagat ugurly önümçilik bilen meşgullanýar. Welaýatda öz işlerini bu ugra gönükdiren hususyýetçileriň 70-e golaýy bolup, olar ýylyň dowamynda içerki we daşarky bazara gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini ibermek bilen, tämizlik serişdelerini, polipropilen haltalarydyr ýüpleri, kendir ýüpleri, plastmassa asgyçlary, kagyz süpürgiçleriniň dürli görnüşlerini, akkumulýatorlary we beýleki önümleri öndürip gelýärler.

Demirýolçularyň tutanýerli zähmeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň Türkmenabat raýat desgalary şahamçasynyň agzybir işgärleri hem tutanýerli zähmet çekýärler. Şahamça degişli iki sany jaý ulanyş gullugynyň düzüminde 200 töweregi demir ýol işgäri 3600-e golaý hojalygyň mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin zähmet çekýär. Olaryň esasy wezipesi arassaçylyk işlerini alyp barmak, raýatlardan gelen arza-şikaýatlara seretmek, elektrik togy hem-de tebigy gaz bilen üpjün etmek, ýer-suw, lagym üpjünçiligini guramak we beýleki işlerden ybaratdyr. Tejribeli hünärmen Artur Allakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän şahamçasynyň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän demirýolçularyň onlarçasy bar. Olardan, Baýramkadyr Amanberdiýew, Rüstem Töräýew, Elijan Arslanow, Abdukahr Abdullaýew ýaly işjanly demirýolçular ýylyň-ýylyna zähmet üstünliklerine mynasyp bolýarlar.

Kuwwatly toplum

Ýurdumyzda pagta hasylyny öndürmek we gaýtadan işlemek milli oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Pagta Türkmenistanyň eksport sanawynda mynasyp orun eýelemek bilen, barha ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu kärhanalarda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň bazarlarynda uly islege eýe bolan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümler öndürilýär. Dokma senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça işler toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar hem-de ýurdumyzyň dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmaga uly üns gönükdirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän ýeňil senagat kärhanalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Dünýä ykdysadyýetinde sanlylaşdyrmak ugrunyň işjeň häsiýete eýe bolmagy bilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uly maksatlary nazarlaýan toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunç

Kuwwatly we ygtybarly energoulgam döredilýär

Ösüşleriň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeler netijesinde ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar, ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap täzelenişleriň ruhy bilen galkynýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda geçirilýän giň gerimli işler munuň hakykatdan hem şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu möhüm pudagy ösdürmekde durmuşa geçirilýän tutumly işler aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň alyp barýan energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary durmuşa geçirilýär. 23nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Bu elektrik geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn elektroulgamyny döretmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Onuň baş maksady eziz Diýarymyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hemde paýtagtymyzyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen işe girizilen Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisini çekmäge degişli işleriň ählisiniň mukaddes Gara

Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüşleriň şuglasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysady taýdan bedew bady bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine ynamly goşulan ýurtlaryň hatarynda ornuny berkitdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ykdysady ösüşiň esasy netijeleri, talaplary anyk teklipler, ylmy oý-pikirler, kämil hünärmenler bilen berk baglanyşyklydyr. Beýik ösüşleriň adamzat jemgyýetini näderejede özgerdenligi hakyndaky pikirler her birimiziň yhlasly işlemegimizi üpjün edýär. Şeýle özgerişlerde innowasiýanyň hemme döwürlerde-de esasy badalga bolandygy baradaky pikir bilen doly ylalaşýarsyň. Baý geçmişli milli taryhymyzyň täze ykdysady ösüş tapgyrynda sanly ulgama geçmekde ädilýän şowly ädimler döwrebap many-mazmun hem-de millilik öwüşgini bilen has-da baýlaşdyrylýar. Döwrümiziň häsiýetli aýratynlygy, döwrebap ylmyň üstünlikli netijesi bolan internet giňişliginiň kemala gelmegi we onuň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi ykdysady ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna — «sanly ykdysadyýete» ynamly geçişi şertlendirdi. Şeýle hem ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda ul

Döwlet eýeçiligi we hususyýetçilik

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işler, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga, aýratyn-da, döwlet emlägini we desgalaryny hususylaşdyrmaga gönükdirilendir. Bazar gatnaşyklaryny ykdysadyýete, ylaýta-da, söwda, hyzmat ediş pudaklaryna ornaşdyrmagyň möhüm serişdeleriniň biri-de hususyýetçiligiň ösdürilmegi bilen baglydyr. Döwletimiz telekeçilere hususy işi ýola goýmaga goldaw berýär, hususyýetçilik bolsa, öz nobatynda, sarp edilýän harytlaryň öndürilişine we ilata hyzmat edilişine saldamly goşant goşýar. Halkara ykdysatçylaryň pikirlerine görä, ösen ýurtlarda hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň ortaça 70 göterim möçberde bolmagy maksadalaýykdyr. Hususy önüm öndürijiler döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylan kärhanalarda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, ýurtda azyk bolçulygynyň döremegine goşant goşýarlar.

Halkalaýyn energiýa ulgamy döredilýär

Ýakynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň açylyş dabarasy boldy. Täze desganyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetikleriniň buýsançly başlaryny belende göterdi. Olaryň käbirleriniň şeýle il-ýurt bähbitli işiň başynda duran hormatly Prezidentimize alkyşdan doly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris. Güljahan NURYÝEWA,Ak bugdaý etrabyndaky Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň bölüm başlygy:

Dünýä tejribesi bilen sazlaşykda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, maliýe we bank ulgamyny kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilatyň nagt däl hasaplaşyklaryň amatlylyklaryndan peýdalanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Söwda we hyzmat ediş nokatlaryndan başlap, ýangyç guýujy beketlere, demir ýol we awiakassalaryna, poçta aragatnaşyk kärhanalaryna, dermanhanalara we beýleki ýerlere hasaplaşyk terminallary oturdyldy.

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

22-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuşykdysady özgertmeleriniň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Elektroenergetika pudagy ösdürilýär

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Elektrik geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny artdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

Ýurdumyzyň banklarynda dünýä tejribesinden ugur alnyp, döwrebap sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, bank kartlarynyň we bank hyzmatlarynyň görnüşleri hem-de sany yzygiderli artýar. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar. Döwür üýtgeýär, durmuş öňe tarap okgunly özgerýär, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňegidişlikler gazanylýar, jemgyýetimiz uly ösüşlere beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan oýlanyşykly, giň möçberli, öňdebaryjy we netijeli özgertmeleriň, sanly ulgamyň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly ösüşleriň gazanylmagyna şertleri emele getirdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen töleg kartlary işjeň ulanylýar. Bu bolsa pul dolanyşygynyň kämil ulgamyny kemala getirýär.

Nebitgaz toplumy belent sepgitleri nazarlaýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandy uludyr. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň milli energiýa baýlyklaryny dünýä bazaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak baradaky tagallalary bilen däl, eýsem, halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlary bilen hem berkidilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen hasyl bolan hem-de dünýädäki iň iri gaz magistralynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistanyň baý ýataklaryny geljegi uly hytaý bazary bilen birleşdirdi. Ol ýurdumyzyň energetika bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda amala aşyrylan iň iri taslamadyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi ägirt uly taslamalaryň biri bolup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmekde, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýäde ykdysady aragatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, ýurdumyzda we dünýäde türkmen energiýa serişdeleriniň şu günki ýeten derejelerine bagyşlanan kongresleriň, forumlaryň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi halkara jemgyýetçiliginiň türkmen nebitgaz genji-känine berýän ünsünden aýdyň nyşanlardyr. Çünki Türkmenistan arassa, ýokary hilli, d

Okgunly ösýän pudakda taryhy waka

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Gahryman Prezidentimiz döwlet syýasatynda ykdysadyýetimiziň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, pudaga sanly ulgamy, ylmyň täze gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Mähriban Arkadagymyzyň döwlet derejesinde edýän şeýle aladalarynyň netijesinde, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandy. Energetika senagaty depginli ösýän, girdejili işleýän pudaklaryň hataryndaky mynasyp ornuny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanyşa tabşyrylan täze ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagynda wajyp orny eýeleýän senagat pudagynyň mümkinçilikleriniň geriminiň has-da giňändigini nygtamak gerek. Sebäbi halkalaýyn bir bitewi energiýa ulgamyny döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi arkaly ýurdumyzyň günbatar sebitiniň çäkleri bilen daşarky sarp edijilere ýetirilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmagyň tehniki mümkinçilikleriň binýady pugtalandyryldy. Munuň üstesine

Guwandyryjy üstünlikler gazanylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň senagat toplumy ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň senagatyny ýokary derejelere ýetirmekde pudagyň işgärleri tutanýerli zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanýarlar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary gurulýar, öň bar bolanlarynyň bolsa, durky täzelenýär we düýpli kämilleşdirilýär. Bu ulgamda bellenen meýilnamalaryň ýurdumyzyň senagatyny ösdürmegiň depginlerini çaltlandyrmaga uly ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti, önümçilik, söwda we hyzmat ediş pudaklary döwrebap özgertmeleri başdan geçirýär. Bazar gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýan döwründe maglumat tehnologiýalarynyň, kämil aragatnaşyk tehnikalarynyň ösüşi bilen deň gadam basmak esasy talaplaryň biridir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatynda zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Ykdysadyýet we durmuş

«7/24.tm», №43 (74), 25.10.2021. TÜRKMEN-TÜRK DOSTLUGY

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Maltanyň, Panamanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, binýatlyk ýagy, gurluşyk nebit bitumyny, polipropileni satyn aldylar. Tehniki kükürt Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň işewürlerine float aýnasy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 433 müň dollaryndan gowrak boldy.

Täze asma elektrik geçirijisi iri taslamany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrydyr

ÖŇŇIN hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda we ak pata bermegi bilen Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Şu taryhy waka mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasynda bolan dabara energetika pudagynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Döwlet elektrik stansiýasyna ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny sanly ulgam arkaly diňlediler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli gutlag sözleri we bu desganyň ähmiýeti barada aýdanlary dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Beýik döwre beýik işler ýaraşýar

Taryha şan berjek wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 10-njy aýy tamamlanyp barýar. Günler geçdigiçe, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizde ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen tutumly işler, ýetilen belent sepgitler barada kän oýlanýarsyň. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran şol belent tutumlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda gadymy Lebap topragyny hem gurşap aldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriň birinde ýylyň başynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna çenli 30 sany iri desganyň açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen hem bolsa, açylan desgalaryň sanynyň 60-dan geçýändigi barada aýtdy. Şeýlelikde ösüşleri bedew badyna deňelýän ýurdumyzda diňe 9 aýa niýetlenilen sepgitler iki esseden hem gowrak netije beripdir. Bu buýsanmaga-da, guwanmaga-da mynasyp hakykatdyr. Şol desgalaryň birnäçesi bolsa ýurdumyzyň gündogar sebitinde — gadymy Lebap topragynda açylyp, ulanylmaga berildi.

Ýokary hilli önümler

Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde öndürilýän önümler sarp edijileriň yzygiderli artýan isleglerinden peýdalanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 9 aýynyň jemleri boýunça fabrikde öndürilen önümler 11 million 397 müň 920 manada barabar boldy. Munuň özi fabrikde meýilnamanyň 141 göterim ýerine ýetirilendigini, şeýle-de, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşiň 108 göterim bolandygyny aňladýar. Pudakda şeýle ösüşlere eýe bolunmagynda fabrigiň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary, tikin enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylandygy aýratyn orun eýeleýär. Fabrigiň çeper elli tikinçileri öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy üçin ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Buýurmalar esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite harby lybaslar, hassahana geýimleri, aşpezler üçin geýimler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk we olaryň daşlyklary, halatlar, işçi geýimleri tikilýär.