Dünýä tejribesi bilen sazlaşykda

25 Oktýabr 2021
1001

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, maliýe we bank ulgamyny kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak barada giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, bu ugurda banklaryň bäsdeşligini ýokarlandyrmak babatynda netijeli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilatyň nagt däl hasaplaşyklaryň amatlylyklaryndan peýdalanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Söwda we hyzmat ediş nokatlaryndan başlap, ýangyç guýujy beketlere, demir ýol we awiakassalaryna, poçta aragatnaşyk kärhanalaryna, dermanhanalara we beýleki ýerlere hasaplaşyk terminallary oturdyldy.

Azat ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň pul dolanyşygyny kadalaşdyryş bölüminiň başlygy.