Kuwwatly toplum

26 Oktýabr 2021
890

Ýurdumyzda pagta hasylyny öndürmek we gaýtadan işlemek milli oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Pagta Türkmenistanyň eksport sanawynda mynasyp orun eýelemek bilen, barha ösýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Bu kärhanalarda ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň bazarlarynda uly islege eýe bolan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümler öndürilýär. Dokma senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça işler toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar hem-de ýurdumyzyň dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmaga uly üns gönükdirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän ýeňil senagat kärhanalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Dünýä ykdysadyýetinde sanlylaşdyrmak ugrunyň işjeň häsiýete eýe bolmagy bilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uly maksatlary nazarlaýan toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz 25-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Häzirki döwür täze garaýyşlarydyr innowasion önümçilikleri döretmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara we düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar» diýip belläp geçdi.

Aýgözel ARLANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.