Kuwwatly we ygtybarly energoulgam döredilýär

26 Oktýabr 2021
1050

Ösüşleriň ýurduna öwrülen eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan badalga alýan oňyn özgertmeler netijesinde ykdysady taýdan barha kuwwatlanýar, ähli ugurlary öz içine alýan döwrebap täzelenişleriň ruhy bilen galkynýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda geçirilýän giň gerimli işler munuň hakykatdan hem şeýledigine şaýatlyk edýär. Bu möhüm pudagy ösdürmekde durmuşa geçirilýän tutumly işler aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň alyp barýan energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli we halkara ähmiýetli möhüm taslamalary durmuşa geçirilýär.

23nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Bu elektrik geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn elektroulgamyny döretmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Onuň baş maksady eziz Diýarymyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hemde paýtagtymyzyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen işe girizilen Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisini çekmäge degişli işleriň ählisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde bu ugurda uly tejribe toplan türkmen energogurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilendigi örän guwandyryjy hakykatdyr. Ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan täze elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga uly şert döretdi. Şeýle hem ata Watanymyzyň ygtybarly energiýa kuwwatlyklarynyň epesli artmagyna badalga boldy.

Mähri NURGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 134nji orta mekdebiň mugallymy.