Guwandyryjy üstünlikler gazanylýar

25 Oktýabr 2021
999

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň senagat toplumy ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň senagatyny ýokary derejelere ýetirmekde pudagyň işgärleri tutanýerli zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanýarlar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary gurulýar, öň bar bolanlarynyň bolsa, durky täzelenýär we düýpli kämilleşdirilýär. Bu ulgamda bellenen meýilnamalaryň ýurdumyzyň senagatyny ösdürmegiň depginlerini çaltlandyrmaga uly ýardam edýär.