Bank hyzmatlary kämilleşdirilýär

25 Oktýabr 2021
1018

Ýurdumyzyň banklarynda dünýä tejribesinden ugur alnyp, döwrebap sanly innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, bank kartlarynyň we bank hyzmatlarynyň görnüşleri hem-de sany yzygiderli artýar. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşi üpjün etmek üçin maliýe we bank ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar.

Döwür üýtgeýär, durmuş öňe tarap okgunly özgerýär, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda öňegidişlikler gazanylýar, jemgyýetimiz uly ösüşlere beslenýär. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan oýlanyşykly, giň möçberli, öňdebaryjy we netijeli özgertmeleriň, sanly ulgamyň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly ösüşleriň gazanylmagyna şertleri emele getirdi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen töleg kartlary işjeň ulanylýar. Bu bolsa pul dolanyşygynyň kämil ulgamyny kemala getirýär.

Merdan ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.