Nebitgaz toplumy belent sepgitleri nazarlaýar

25 Oktýabr 2021
1047

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandy uludyr. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň milli energiýa baýlyklaryny dünýä bazaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak baradaky tagallalary bilen däl, eýsem, halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlary bilen hem berkidilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen hasyl bolan hem-de dünýädäki iň iri gaz magistralynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistanyň baý ýataklaryny geljegi uly hytaý bazary bilen birleşdirdi. Ol ýurdumyzyň energetika bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda amala aşyrylan iň iri taslamadyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi ägirt uly taslamalaryň biri bolup, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmekde, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýäde ykdysady aragatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, ýurdumyzda we dünýäde türkmen energiýa serişdeleriniň şu günki ýeten derejelerine bagyşlanan kongresleriň, forumlaryň, maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi halkara jemgyýetçiliginiň türkmen nebitgaz genji-känine berýän ünsünden aýdyň nyşanlardyr. Çünki Türkmenistan arassa, ýokary hilli, daşky gurşawa zyýansyz tebigy gazyň uly ätiýaçlyklaryna eýedir.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.