"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Sanly ulgam — döwrebap ösüş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz döwrebap ösdürilýär. Häzirki döwrüň şertlerinde ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. «Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmek, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil taýdan dünýäniň ösen derejesine çykarmak möhüm wezipe bolup durýar. Sanly ulgamyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna uly täsir edýär. Şundan ugur alnyp, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Talyplara hemme dersler boýunça öwredilýän sapaklar we olaryň nazaryýetde alýan bilimleri sanly ulgamyň üsti bilen kämilleşdirilip, özleşdirilýär. Şeýle-de synaglaryň ýöriteleşdirilen kompýuter otagynda test görnüşinde, soraglara jogap bermek usulynda geçirilmegi talyplaryň bilim derejesini has-da ösdürmäge ýardam berýär.

Sanly ykdysadyýet — röwşen geljek

«7/24.tm», №44 (75), 01.11.2021. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bu gün milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatynda ähli ugurlarda düýpli bazar özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýokary depginli ösüşler gazanylyp, halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar Esasan hem, häzirki ylmyň we tehnologiýalaryň ösen döwründe ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi berk binýadyň bardygyny beýan edýär.

Türkmenistanyň ulag kuwwaty

Aşgabatdan Türkmenabada uzaýan döwrebap ýoluň gurluşygynda açylýar 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar bu iri taslamanyň gurluşygynda bolup, onda bitirilýän işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alan döwürdeş žurnalistimiziň: «Bu taslama baky Bitarap döwletimiziň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň, ýurtlary, sebitleri ýakynlaşdyrmak taglymynyň ýollarda açylmasydyr, anyk işlerde beýan tapmasydyr» diýen jümleleriniň hakykat ýüzündäki wysaly bolup kalplara doldy. Ol halkara guramalaryň, sebitleýin ulag-logistika assosiasiýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň hem birnäçesini türkmen topragynda duşurdy.

Milli manat — durnukly ykdysady ösüşiň möhüm serişdesi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, döwletliligimiziň esasy nyşanlarynyň biri-de milli manadymyzdyr. Şu ýyl milli manadyň dolanyşyga girizilenine 28 ýyl dolýar. Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi gönüden-göni pul bilen bagly bolan birnäçe meseleleri çözmegi talap etdi. Olardan manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün etmek, satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly çäreleri görkezmek bolar.

Oýlanyşykly pul syýasaty — netijeli maliýe bazary

Beýik Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler dünýä döwletleri üçin nusgalykdyr. Şeýle diýmäge bizde doly esas bar. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda jemi içerki önümiň möçberi 8,4 esse ýokarlanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan esasy maýa goýumlaryň jemi möçberi 209 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Şol serişdeleriň 66,6 göterimi, ýagny 140 milliard amerikan dollaryna golaýy önümçilik pudagyna gönükdirildi. Geçen 30 ýylda durmuş we önümçilik maksatly iri desgalaryň 2900-e golaýy gurlup, ulanmaga berildi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri pagta ýüplügini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gazagystanyň işewürlerine float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million dollaryndan gowrak boldy.

Energetika syýasatynyň täze mümkinçilikleri

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýa hem-de köp möçberdäki uglewodorod serişdelerine eýedir. Biziň ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmeginiň ygtybarlylygyna we goraglylygyna durnukly ösüşiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde gaz arassalaýjy zawodlaryň işe girizilmegini ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda soňky döwürde amala aşyrylan uly işleriň biri hökmünde belläp geçsek ýerlikli bolar. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanmaga berilmegi örän buýsançly wakadyr. Bu gaz käni soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde iş alyp barýan uly meýdançasyna öwrüldi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Eýran gaz geçirijisiniň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly, halk hojalygynda giňden peýdalanylýan önümleri öndürmek ugrunda hem köp işle

SE­BIT ÄH­MI­ÝET­LI HEM-DE HAL­KA­RA DE­RE­JE­DÄ­KI AW­TO­MO­BIL ÝO­LY

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hem ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­niň mö­hüm şer­ti hök­mün­de kö­pu­gur­ly ulag dü­zü­mi­ni dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. 2021-nji ýy­lyň 29-njy okt­ýab­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zyň ýol ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny, lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi­ni hem-de döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek işi­ni hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da has-da kä­mil­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY ELEKTROENERGETIKA PUDAGY

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy san­ly­ja ýyl­la­ryň için­de uly ösüş­ler­dir üs­tün­lik­le­re eýe bol­dy. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy tä­ze ta­ry­hy döw­ri baş­dan ge­çir­ýär. Yl­my teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zir­ki ös­ýän döw­rün­de adam­za­dyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy elek­trik ener­gi­ýa­sy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, on­suz dur­mu­şy göz öňü­ne ge­tir­mek hem örän kyn. Dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­le­giň has çalt dep­gin­ler bi­len art­ýan hä­zir­ki döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gör­kez­me­le­rin­den ugur al­nyp ýur­du­myz­da gys­ga döw­rüň için­de iri ener­go­des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si gu­r­lup ula­ny­ly­şa gi­ri­zil­di. Ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň ka­bul edi­len kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, Wa­ta­ny­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­la­ry, paý­laý­jy gur­luş­la­ry, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri yzy­gi­der­li gu­rlu­p ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bir­nä­çe ýyl­lar­dan bä­ri iş­läp gel­ýän ener­go­des­ga­la­ryň bol­sa dur­ky tä­ze­len­ýär, olar hä­zir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na do­ly ga­bat gel­ýän döw­re­bap elekt­rik gur­na­ma­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Ta­ryh üçin şeý­le gys­ga dö­wür­de gu­r­lan ene

Türkmenistanyň ykdysady kuwwaty barha artýar

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­nyň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bol­mak bi­len, dün­ýä­de esa­sy ener­ge­ti­ka döw­let­le­riň bi­ri hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy­ny düz­ýän ne­bit­-gaz pu­da­gyn­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ug­le­wo­do­rod­la­ry göz­le­mek we çy­kar­mak, ne­bit­ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek­den alyn­ýan önüm­le­riň hi­li­ni we gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, döw­le­ti­mi­ziň ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän kuw­wat­lyk­la­ry, dü­zü­mi döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň pa­ýy­na düş­ýär. Ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly se­riş­de­ler bin­ýa­dy ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dur­nuk­ly iber­mek üçin uzak­möh­let­le­ýin şert­na­ma­la­ry bag­laş­ma­ga esas ber­ýär. Hä­zir­ki wagt­da şeý­le yla­la­şyk­lar Türk­me­nis­tan — Rus­si­ýa, Türk­me­nis­tan — Hy­taý we beý­le­ki gaz­ge­çi­ri­ji­le­ri bo­ýun­ça he­re­ket ed­ýär. Her ýyl­da on­lar­ça mil­lion kub metr möç­ber­de te­bi­gy gaz ug­ra­dyl­ýan Türk­me­nis­tan — Hy­taý hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gu­rul­ma­gy türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­nyň üs­tün­li­ge bes­len­ýän­di­gi­ni aň­lad­ýar. Şeý­le hem hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry tej­ri­be­sin­de bu tas­la­ma döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy

Garaşsyzlygyň peşgeşi

Ýurt Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli aralaşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi syýasy erkinligimiziň, ykdysady garaşsyzlygymyzyň möhüm guralyna öwrüldi. Ol diňe döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyzyň netijesinde mümkin boldy. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi täze emele gelen döwletde durmuşa geçirilen iň wajyp ykdysady özgertmeleriň biri boldy. Täze bazar ykdysady şertlerinde milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmeginde, özbaşdak pul-karz syýasatyny we netijeli bank işini alyp barmakda wajyp orun eýeledi.

Ulag ulgamynyň durnukly ösüşi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanýandygyna, sagdyn maliýe syýasatynyň işlenilip düzülendigine hem-de üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyna güwä geçýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlyga hemişe ygrarlydygyny milli Liderimiz parasatly belleýär. Mälim bolşy ýaly, 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti alyp barýar. Bu ajaýyp ýoluň uzynlygy 203 kilometr bolan 1-nji tapgyrynyň tamamlanmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, eziz Diýarymyzda ulag diplomatiýasynyň üstünlikli ösýändigini aýdyň görkezýär. Bu halkara derejeli ýoluň birinji tapgyrynyň hem-de onuň üpjünçilik desgalarynyň gurluşygyny «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerine ýetirdi. Ýurdumyzyň binagärleriniň şeýle iri halkara derejeli taslamalara gatnaşýandyklary we ony üstünlikli ýerine ýetirýändikleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Şeýle hem di

Döwrebap mümkinçilikler döredilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda ulus-ilimizi buýsandyrýan, göwünleri guwanja besleýän şatlykly wakalar ýygy-ýygydan bolýar. Ynha, 29-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegi hem buýsançly kalbymyzy şatlykdan doldurdy. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň uzynlygy 203 kilometr bolup, halkara derejeli bu ýol 6 sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Munuň özi tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Täze ýoluň ugrunda söwda merkezleri, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary hem bina edilipdir. Ýoluň ugrundaky döwrebap elektron töleg terminallary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýän, aragatnaşyk nokatlary, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleri ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Taryhy waka buýsanç

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­ler giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­ny se­na­gat taý­dan kuw­wat­ly döw­le­te öwür­mek­de öň­de go­ýul­ýan mak­sat­na­ma­lar ab­raý bi­len üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Gö­zü­mi­ziň al­nyn­da gül­läp ös­ýän ýur­du­my­zyň ulag-lo­gis­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edi­len­dir. Bu gün Türk­me­nis­tan­dan uza­ýan nu­ra­na ýol­lar dün­ýä halk­la­ry­ny dost­laş­dyr­ýar we do­gan­laş­dyr­ýar. Ine, Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li awtomobil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di we hal­ka­ra yk­rar­na­ma eýe bol­dy. Şeý­le uly tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň ulag şa­ha­la­ry­nyň dün­ýä­niň ulag ul­ga­my­na my­na­syp go­şu­lyş­ýan­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­si

Milli ykdysadyýetiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşlere beslenip, ýokary sepgitlere ýetýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň öňdengörüjilikli syýasatdygyny aýan edýär. Milli walýuta durnukly we hümmetli bolan ýagdaýynda, onuň önümçilige we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine oňaýly täsiri has-da artýar.

Türkmenistan halkara ähmiýetli üstaşyr ulag düzümini döretmek işini çaltlandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy 29.10.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.

Ýoluňyz ak bolsun!

Düýn Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurulýan awtobanyň bu böleginiň açylyş dabarasyna onuň gurluşygyny alyp barýan ýerli we daşary ýurtly hünärmenler, bagtyýar ildeşlerimiziň köp sanlysy gatnaşdy. Habarçylarymyz olaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdi. Domagoý PERKOWIÇ,Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň sebitleýin direktory we doly ygtyýarly wekili:

Nebitgaz senagaty — milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy

27-28-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şoňa görä-de, Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan halkara maslahat «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Türkmen manady — milli buýsanjymyz

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi uludan tutulan üstümizdäki ýylda ýene bir taryhy sene — milli manadymyzyň 28 ýyllyk baýramy Diýarymyzda giňden toýlanar. Öz nobatynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň döwletimiziň, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň özboluşly nyşany hökmünde milli buýsanjymyza öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Milli pullar islendik bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Uzak taryhy geçmişe göz aýlasak, pul harydyň alyş-çalyş gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir. Dürli döwürlerde halklaryň arasynda pullaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Pullaryň şeýle giňden ulanylmagy netijesinde, öý hojalyklarynyň we döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi has-da giňäpdir. Şu jähetden, wagtyň geçmegi we özara alyş-çalşyň düýpli ösmegi bilen, pul düşünjesiniň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul hem-de elektron gapjyk ýaly zamanabap gurallary esasynda ýetirilipdir.

Täze gözýetimler

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Watanymyzda ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. 27-28-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. Oňa Hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.