Energetika syýasatynyň täze mümkinçilikleri

31 Oktýabr 2021
1037

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan amatly geosyýasy ýagdaýa hem-de köp möçberdäki uglewodorod serişdelerine eýedir. Biziň ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň halkara bazarlara iberilmeginiň ygtybarlylygyna we goraglylygyna durnukly ösüşiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde gaz arassalaýjy zawodlaryň işe girizilmegini ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda soňky döwürde amala aşyrylan uly işleriň biri hökmünde belläp geçsek ýerlikli bolar. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanmaga berilmegi örän buýsançly wakadyr. Bu gaz käni soňky ýyllarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde iş alyp barýan uly meýdançasyna öwrüldi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Eýran gaz geçirijisiniň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly, halk hojalygynda giňden peýdalanylýan önümleri öndürmek ugrunda hem köp işler amala aşyrylýar. Nebithimiýa we gazhimiýa pudagy üstünlikli ösdürilýär. Hyzmatdaşlar bilen tebigy gazy gaýtadan işläp, suwuk ýangyjy öndürýän zawod, ýokary dykyzlygy bolan polietilen öndürýän zawod, benzin öndürýän zawod, polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy ýaly önümçilikler guruldy.

Şirin ÝOMUTBAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.