BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ KUWWATLY ELEKTROENERGETIKA PUDAGY

31 Oktýabr 2021
1002

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy san­ly­ja ýyl­la­ryň için­de uly ösüş­ler­dir üs­tün­lik­le­re eýe bol­dy. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy tä­ze ta­ry­hy döw­ri baş­dan ge­çir­ýär. Yl­my teh­no­lo­gi­ýa­nyň hä­zir­ki ös­ýän döw­rün­de adam­za­dyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy elek­trik ener­gi­ýa­sy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, on­suz dur­mu­şy göz öňü­ne ge­tir­mek hem örän kyn. Dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­le­giň has çalt dep­gin­ler bi­len art­ýan hä­zir­ki döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gör­kez­me­le­rin­den ugur al­nyp ýur­du­myz­da gys­ga döw­rüň için­de iri ener­go­des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si gu­r­lup ula­ny­ly­şa gi­ri­zil­di. Ýur­du­my­zyň elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­ny ös­dür­me­giň ka­bul edi­len kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, Wa­ta­ny­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­la­ry, paý­laý­jy gur­luş­la­ry, elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­ri yzy­gi­der­li gu­rlu­p ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bir­nä­çe ýyl­lar­dan bä­ri iş­läp gel­ýän ener­go­des­ga­la­ryň bol­sa dur­ky tä­ze­len­ýär, olar hä­zir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na do­ly ga­bat gel­ýän döw­re­bap elekt­rik gur­na­ma­lar bi­len üp­jün edil­ýär. Ta­ryh üçin şeý­le gys­ga dö­wür­de gu­r­lan ener­go des­ga­la­ryň için­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­dä­ki kuw­wa­ty 504,4 MWt bo­lan Der­we­ze döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 254 MWt kuw­wat­ly Wa­tan döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny, se­bit­de il­kin­ji gur­lan ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän gaz tur­bi­na­ly Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny, şeý­le-de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň öň ýa­nyn­da gu­r­lup ula­nyl­ma­ga ber­len, kuw­wa­ty 432 MWt deň bo­lan Le­bap döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny bel­le­mek ze­rur­dyr. Mun­dan baş­ga-da, Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň 220 we 500 kW ýo­ka­ry wolt­ly açyk paý­la­ý­jy gur­luş­la­ry has döw­re­bap gör­nüş­de işe gi­ri­zil­di. Hä­zir­ki wagt­da has yg­ty­bar­ly ha­sap­lan­ýan bi­rik­me­ler we kä­mil en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len bu paý­la­ý­jy gur­luş bi­len Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ker­ki et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän Ker­ki 500 kW paý­la­ý­jy gur­lu­şy bi­rik­dir­ýän, uzyn­ly­gy 388 km deň bo­lan Ma­ry­ DES — Ker­ki ýo­ka­ry wolt­ly ho­wa elekt­rik ge­çi­ri­ji­si hem işe gi­ri­zil­di.

Ýur­du­my­zyň se­na­gat taý­dan has kuw­wat­ly döw­le­te öw­rül­me­gi, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň adam­za­dyň dur­mu­şy­na çuň ara­laş­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da elekt­rik üp­jün­çi­li­gi ul­ga­my­na bil­di­ril­ýän ta­lap­lar hem örän ýo­kar­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gör­kez­me­le­rin­den ugur al­nyp tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça bir bü­te­wi hal­ka­la­ýyn ener­go ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň tas­la­ma iş­le­ri taý­ýar­lan­dy we onuň bi­rin­ji tap­gy­ry dur­mu­şa ge­çi­ril­di. San­ly­ja gün mun­dan öň, ýag­ny 23-nji okt­ýabr­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len elekt­roe­ner­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zy­lan wa­ka­la­ryň ýe­ne bi­ri, ýur­du­my­zyň Ahal we Bal­kan we­la­ýat­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän, güý­jen­me­si 220 kW we uzyn­ly­gy 420 km ba­ra­bar bo­lan tä­ze iki zyn­jyr­ly elekt­rik ge­çi­ri­ji­si işe gi­ri­zil­me­gi bol­dy. Bu iri ener­go des­ga­ny işe gi­riz­mek da­ba­ra­sy­na Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň san­ly ul­gam ar­ka­ly ak pa­ta ber­me­gi we gut­lag söz­le­ri­ni aýt­ma­gy ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­riň we tas­la­ma­ny ama­la aşy­ran türk­men gur­lu­şyk­çy­la­ry­nyň şat­ly­gy­ny has-da go­şa­lan­dyr­dy. Gel­jek­de hem tas­la­ma­nyň Bal­kan — Da­şo­guz we Ahal — Ma­ry ugur­la­ry­nyň işe gi­ri­zil­me­gi elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sarp edi­ji­le­riň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny we ýur­du­my­zyň bir bi­te­wi ener­go ul­ga­my­nyň kuw­wa­ty­nyň bir­nä­çe es­se ýo­kar­la­ma­gy­na ýar­dam be­rer. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­my­zyň çä­gin­de he­re­ket et­ýän elekt­rik stan­si­ýa­la­ryň ýo­ka­ry wolt­ly ge­çii­ji­le­riň we döw­re­bap en­jam­la­ryň üs­ti ar­ka­ly öza­ra bag­la­nyş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny örän az ýit­gi­ler bi­len sarp edi­ji­le­re ge­çir­mek­li­ge hem giň müm­kin­çi­lik dö­re­dil­ýär. Bu ýo­ka­ry wolt­ly hal­ka­la­ýyn elekt­rik ge­çi­ri­ji­le­riň işe gi­ri­zil­me­gi di­ňe bir ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­man, eý­sem, da­şa­ry döw­let­le­re hem türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny eks­port et­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dyr­ýar.

My­rat Ulu­gow,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.