Täze gözýetimler

29 Oktýabr 2021
864

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Watanymyzda ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär.

27-28-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi. Oňa Hökümet düzümleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly guramalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. 30-dan gowrak döwletden 100-den gowrak kompaniýanyň, iri halkara guramalaryň we banklaryň wekilleri sanly ulgam arkaly maslahata goşuldy.

«Watan».