Nebitgaz senagaty — milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy

29 Oktýabr 2021
1052

27-28-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahat geçirildi

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şoňa görä-de, Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan halkara maslahat «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» korporasiýasy tarapyndan hem-de «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

"Nesil".