Garaşsyzlygyň peşgeşi

31 Oktýabr 2021
983

Ýurt Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýylynyň dowamynda Türkmenistan ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli aralaşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Senagat we innowasiýa ösüş nusgasyna gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sözüň doly manysynda, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi syýasy erkinligimiziň, ykdysady garaşsyzlygymyzyň möhüm guralyna öwrüldi. Ol diňe döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagymyzyň netijesinde mümkin boldy.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi täze emele gelen döwletde durmuşa geçirilen iň wajyp ykdysady özgertmeleriň biri boldy. Täze bazar ykdysady şertlerinde milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmeginde, özbaşdak pul-karz syýasatyny we netijeli bank işini alyp barmakda wajyp orun eýeledi.