Ulag ulgamynyň durnukly ösüşi

31 Oktýabr 2021
934

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň barha kuwwatlanýandygyna, sagdyn maliýe syýasatynyň işlenilip düzülendigine hem-de üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyna güwä geçýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlyga hemişe ygrarlydygyny milli Liderimiz parasatly belleýär.

Mälim bolşy ýaly, 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti alyp barýar. Bu ajaýyp ýoluň uzynlygy 203 kilometr bolan 1-nji tapgyrynyň tamamlanmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ulag ulgamynda ählumumy wezipeleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, eziz Diýarymyzda ulag diplomatiýasynyň üstünlikli ösýändigini aýdyň görkezýär. Bu halkara derejeli ýoluň birinji tapgyrynyň hem-de onuň üpjünçilik desgalarynyň gurluşygyny «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerine ýetirdi. Ýurdumyzyň binagärleriniň şeýle iri halkara derejeli taslamalara gatnaşýandyklary we ony üstünlikli ýerine ýetirýändikleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Şeýle hem diýseň uly gurluşyk işlerini alyp barýan binagärlerimiziň, gurluşykçylarymyzyň öz kärlerine ussatdyklaryny aýratyn bellemegimiz gerek.

Gymmat AKYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.