"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň baş taglymaty

Hormatly Prezidentimiz halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy geljek bilen bizi baglanyşdyrýan hukuk derejesidir. Şonda hem türkmen Bitaraplygynyň diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendigi has aýdyň görünýär» diýen jümleleri getirmek bilen, türkmen Bitaraplygynyň dünýä halklary üçin hem wajypdygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak bahasyz baýlykdygy hakynda çuňňur filosofiki pikiri öňe sürýär. Hakykatdan hem, hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 26 ýyllyk taryhy ýoly dünýä halklarynyň ygtybarly geljegi babatdaky gözýetimleri durmuş hakykatynda açyp görkezýär we şu döwrüň içinde gazanylan üstünlikler jemgyýetiň ösüş sütüniniň ynsanperwerlik ýörelgelerinden bina bolandygyny dabaralandyrýar. Mähriban Arkadagymyz: «Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada biragyzdan Kararnama kabul etdi. Ata Watanymyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň düýp özeninde hem, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna daýanýan hukuk e

Ýagty geljegiň kepili

Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatlanmagynda, dünýäde tanalmagynda, onuň halkara guramalaryň arasyndaky abraýynyň belende göterilmeginde hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk — agzybirligiň, abadançylygyň, asuda ýaşaýşyň, ýagty geljegiň kepilidir. Bitaraplyk parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, çalt we yzygiderli ösüşlere, şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy döwrebap dowam etdirmegimize gönükdirilen tutanýerli özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini nazarda tutýan, çuň manyly, sagdyn pikirlere ýugrulan we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň, abadançylygyň has-da berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň halkara syýasaty ösüşiň belent derejesine ýetdi, döwletler bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň gerimi giňedi, Türkmenistan döwletimiz içeri we daşary syýasatynda ägirt uly üstünlikleri gazandy, ýurdumyz ylalaşdyryjy merkeze we ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi. Şonuň netijesinde hem, bu günki gün biziň ýurdumyz bagtyýarlygyň we agzybirligiň mekany hökmünde halkara derejesini barha artdyrýar.

Bitaraplyk — dillerimiziň dessany

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem--de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Golaýda Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygy döwletimiz üçinem, halkymyz üçinem iňňän uly ähmiýete eýedir. Sebäbi Bitaraplygymyz parahatçylykly ösüşlere giň ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz gün-günden özgerýär, ösýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Türkmenistany ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek üçin ähli ugurlarda düýpli özgertmelere badalga berýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň uly zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýändigi her birimizde ata Watanymyza bolan guwanç duýgusyny döredýär.

Bitarap Türkmenistan ählumumy hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň taglymatlaryny döredijidir

Geçen hepde Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalary bilen iki gezek berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygyny belledi. Bu şanly waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň taryhyň dowamynda eýerip gelýän parahatçylyk söýüjilik, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak hem-de ynsanperwerlik ýaly beýik ýörelgelerine esaslanýan netijeli daşary syýasat strategiýasynyň dabaralanmagynyň nyşany boldy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatda netijeli şert hökmünde ykrar edilip, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna mahsusdygyny, wajypdygyny hem-de ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna kybap gelýändigini subut etdi. Bitaraplyk dünýäniň abadançylygyna, döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, dostlugyň hem-de hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilen taglymatdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada Kararnamany kabul etmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

14.12.2021. Şu gün Daşary işler ministrliginde Ministrler Kabinetiniň 10-njy dekabrda geçirilen giňişleýin mejlisiniň hem-de 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatyň jemlerine bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary-da gatnaşdylar.

Dostlugyň we ynanyşmagyň baýramy

Jon MAKGREGOR,ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy:

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

9. Parahatlyk daragty Mälim bolşy ýaly 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýokary derejede geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahat bitaraplygyň türkmen nusgasynyň şu günki çylşyrymly halkara gatnaşyklaryň tejribesinde örän netijeli, parahatçylygy dörediji guraldygyny ýene-de bir gezek aýan etdi.

Baky bagtyýarlygyň şanly toýy

12-nji dekabrda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni welaýatymyzda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçildi. Toý gününde şäher-etraplarymyzda aýdym-sazly dabaralaryň, baýramçylyk duşuşyklarydyr söhbetdeşlikleriň giň gerime eýe bolmagy we olara bagtyýar ildeşlerimiziň uly hyjuw bilen gatnaşmagy ajaýyp senä baý many öwüşginini berdi. Toý gününde welaýat derejesindäki esasy dabaralar Änew şäherindäki Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Welaýat häkimliginiň golaýyndaky bu meýdança günüň ir säherinden toýa mahsus görke beslenip, ol ýerde ruhubelentlik höküm sürdi. Şanly sene mynasybetli Döwlet baýdagymyzy belende götermek bilen baglanyşykly geçirilen dabara gatnaşmak üçin ol ýere köp sanly bagtyýar ildeşlerimiz ýygnandy. Olaryň arasynda welaýat häkimliginiň, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşlar we beýleki ildeşlerimiz bar.

Baýramçylyk mynasybetli

KAKA. Etrap merkezi kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk güni, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk duşuşygyna kitaphananyň okyjylary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylara baýramçylyk kitap sergisi bilen tanyşmak ýakymly boldy. Etrap merkezi kitaphanasy tarapyndan guralan sergini hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplaryň bezemegi okyjylaryň gyzyklanmasyny artdyrdy. Sergi bilen tanyşlykdan soňra, baýramçylyk duşuşygy başlandy. Duşuşykda kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitaplaryndan ruhlanyp, täsirli çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, berkarar Watanymyzyň dünýäde dostana gatnaşyklaryň, parahatçylygyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşýandygy, sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde Birleşen Milletler guramasynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigi barada aýratyn durlup geçildi.

Döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Geçen anna güni nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen baýramçylyk çäresine nebitgaz toplumynyň jogapkär işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen bu ýere ýygnananlary gutlady, soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet sylaglaryny gowşurmak hakynda Permany okaldy. Resminama laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz senagatyny ösdürmekde hem-de beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Bitaraplygymyz — buýsanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň at-owazasy, abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä ýaýyldy. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan buýsanjy, guwanjy has-da artýar. Ýetip gelýän, täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy bolsa tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, abadan we bagtyýar durmuşy berkarar etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan Watanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barmak bilen,  parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden 2021-nji ýyly uly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýär. Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlyklary hem belent derejelere eýe

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Kabul ediş merkezinde geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy

12.12.2021. Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan döwlet syýasatyny halkymyzyň bagtyýar durmuşyny berkitmegiň möhüm binýady hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Milletler Bileleşigi tarapyndan esaslandyrylan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan giň gerimli çäreler taryhy ähmiýetli wakalara beslendi.

Sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, hormatly Prezidentimiz!

Şatlyk Hajyýew, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşanynyň eýesi,

Sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, hormatly Prezidentimiz!

Serdar Atagylyjow, Türk­me­nis­ta­nyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi,Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň başlygy:

Sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, hormatly Prezidentimiz!

10-njy de­kabr­da Söw­da top­lu­my­nyň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny we özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da, ön­jeý­li döw­let we jem­gy­ýet­çi­li­k iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan­dyk­la­ry üçin hem-de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de do­wam ed­ýän «EKS­PO — 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny­ny hem-de Mil­li gü­nü­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­na­şyp, has-da ta­pa­wut­la­nan­dyk­la­ry­ny we köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da çe­ken yh­las­ly zäh­me­ti­ni na­za­ra alyp, şeý­le hem Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li milli Lideri­mi­ziň Per­ma­ny bi­len, ýur­du­my­zyň söw­da top­lu­myn­da zäh­met çek­ýän bir­nä­çe ra­ýat­la­ry­myz Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sy­lag­la­ry we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide

9-njy de­kabr­da paý­tag­ty­myz­da Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­za we ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry­na ba­gyş­la­nan «Ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan» at­ly hal­ka­ra wir­tu­al ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu da­ba­ra­ly çä­re­ler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi we Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly 3D gör­nü­şin­de ge­çi­ri­len ser­gi­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny san­ly­laş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­dä­ki top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me­ler hem-de Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni ös­dür­me­giň 2020 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça edil­ýän ta­gal­la­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenildi

12-nji de­kabr­da ýur­du­myz­da ýe­ne bir şan­ly se­ne — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni giň­den bel­le­nil­di. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len in­di bü­tin dün­ýä­de bel­le­nip ge­çil­ýän bu baý­ram milli Liderimiziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­da bel­le­nil­di. Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap döw­le­ti­miz üçin iň­ňän äh­mi­ýet­li wa­ka öw­rü­len bu ta­ry­hy se­nä­niň 26 ýyl­ly­gy hem uly baý­ram­çy­lyk ru­hu­na bes­len­di. Kö­kü­ni ga­dy­my­ýe­tiň çuň­luk­la­ryn­dan alyp gaýd­ýan mil­le­ti­mi­ziň pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ýa­ly asyl­ly däp­le­ri­ne esas­lan­ýan hoş­me­ýil­li Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­my­zyň bu gün­ki gün­de dün­ýä halk­la­ry­ny ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga, dost­laş­dyr­ma­ga ça­gyr­ýan­ly­gy bu baý­ra­myň esa­sy maz­mu­ny­na öw­rül­di. Bu gün­ki gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Bi­ta­rap­lyk bi­ze ynam­ly ädim­ler bi­len öňe git­mä­ge ýar­dam ed­ýän, hal­ky­my­zyň yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan, kuw­wat­ly döw­le­ti­mi­ziň, ag­zy­bir mil­le­ti­mi­ziň ady­ny, şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­ýan gym­mat­lyk­dyr» di­ýen pa­ra­sat­ly söz­le­ri Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň her bir ra­ýa­ty­nyň kal­by­na ga­nat bag­la­ýar. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 185 döw­le­tiň, şeý­le-de 2015-nji ýy­lyň 3-

Halkara Bitaraplyk güni — türkmeniň dostluk ýoly

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tek­li­bi bi­len, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni in­di bü­tin Ýer ýü­zün­de giň­den bel­le­nil­ýär. 1995-nji ýyl­dan bä­ri bu se­ne ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­ny, yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edi­len­di­gi­ni gör­kez­ýän baý­ram­çy­lyk hök­mün­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu gün­ki gün­de pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän, halk­lar we se­bit­ler bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ile­ri tut­ýan, amat­ly geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni umu­ma­dam­zat bäh­bit­le­ri­niň we ösü­şi­niň ha­ty­ra­sy­na gö­nük­dir­ýän döw­let hök­mün­de Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­ra­ýy ­has-da pug­ta­lan­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz ga­dy­my dost­luk ýö­rel­gä­ni, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­my­zy da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Ha­wa, her ýyl­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne ba­gyş­la­nyp, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn öz­gert­me­le­re, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we se­na­gat­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn mil­li Mak­sat­na­ma­la­ry­my­zyň äh­mi­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly mas­la­hat­lar ge­çi­ril­ýär.

Waspy söze sygmaýan baýram

«7/24.tm», № 50 (81), 13.12.2021 Ýylyň her bir güni taryha siňenok, wakalaryň ählisi ýadyňda galanok. Günüň dogýan-batýan ýeri şol öňküsi ýaly, emma her gezek gaýradan göge galyp, barha ilerleýän Güni täze gün saýýarys. Şol güni täze gün hökmünde  hakydamyza  siňdirýäris. Döwrüň döwürden, günüň günden parhyny bilmek üçin düýnüňe, şu günüňe ser salmak, oňa düşünmek we täzeligini, tapawutly taraplaryny duýmak gerek. Ine, şonda adaty günler aýratyn günlere öwrülip, ömrüňe bezeg, göwnüňe ynam, gaýratyňa güýç, ylgawyňa bat berýär. Her bir ajaýyp  pursatlar ýagty ertirlere  has ynamly gadam goýmaga badalga berýär. Çekilen zähmetiň miwesini, dökülen deriň netijesini görmek ýaly bagtyýarlyk ýok. Şeýle pursatlaryň begenji, buýsanjy beýikliginden ýaňa söze sygmaýar, arzuw-hyýallara ýerleşmeýär.

Bitaraplyk nagmalary

«7/24.tm», № 50 (81), 13.12.2021 Aşgabat — Aziýanyň merjen şäheri