Waspy söze sygmaýan baýram

14 Dekabr 2021
1513

«7/24.tm», 50 (81), 13.12.2021

Ýylyň her bir güni taryha siňenok, wakalaryň ählisi ýadyňda galanok. Günüň dogýan-batýan ýeri şol öňküsi ýaly, emma her gezek gaýradan göge galyp, barha ilerleýän Güni täze gün saýýarys. Şol güni täze gün hökmünde  hakydamyza  siňdirýäris. Döwrüň döwürden, günüň günden parhyny bilmek üçin düýnüňe, şu günüňe ser salmak, oňa düşünmek we täzeligini, tapawutly taraplaryny duýmak gerek. Ine, şonda adaty günler aýratyn günlere öwrülip, ömrüňe bezeg, göwnüňe ynam, gaýratyňa güýç, ylgawyňa bat berýär. Her bir ajaýyp  pursatlar ýagty ertirlere  has ynamly gadam goýmaga badalga berýär. Çekilen zähmetiň miwesini, dökülen deriň netijesini görmek ýaly bagtyýarlyk ýok. Şeýle pursatlaryň begenji, buýsanjy beýikliginden ýaňa söze sygmaýar, arzuw-hyýallara ýerleşmeýär.