Bitaraplyk — dillerimiziň dessany

15 Dekabr 2021
1566

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk — bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem--de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Golaýda Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy giňden bellenilip geçildi.

Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplygy döwletimiz üçinem, halkymyz üçinem iňňän uly ähmiýete eýedir. Sebäbi Bitaraplygymyz parahatçylykly ösüşlere giň ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyz gün-günden özgerýär, ösýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Türkmenistany ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek üçin ähli ugurlarda düýpli özgertmelere badalga berýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň uly zähmet üstünliklerine, şanly wakalara beslenýändigi her birimizde ata Watanymyza bolan guwanç duýgusyny döredýär.