Baýramçylyk mynasybetli

14 Dekabr 2021
1482

KAKA. Etrap merkezi kitaphanasynda Halkara Bitaraplyk güni, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk duşuşygyna kitaphananyň okyjylary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylara baýramçylyk kitap sergisi bilen tanyşmak ýakymly boldy. Etrap merkezi kitaphanasy tarapyndan guralan sergini hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplaryň bezemegi okyjylaryň gyzyklanmasyny artdyrdy.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, baýramçylyk duşuşygy başlandy. Duşuşykda kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitaplaryndan ruhlanyp, täsirli çykyş etdiler. Olaryň çykyşlarynda baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, berkarar Watanymyzyň dünýäde dostana gatnaşyklaryň, parahatçylygyň pugtalanmagyna saldamly goşant goşýandygy, sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde Birleşen Milletler guramasynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülendigi barada aýratyn durlup geçildi.