Sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, hormatly Prezidentimiz!

14 Dekabr 2021
1492

10-njy de­kabr­da Söw­da top­lu­my­nyň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny we özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da, ön­jeý­li döw­let we jem­gy­ýet­çi­li­k iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan­dyk­la­ry üçin hem-de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de do­wam ed­ýän «EKS­PO —

2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li pa­wil­ýo­ny­ny hem-de Mil­li gü­nü­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­na­şyp, has-da ta­pa­wut­la­nan­dyk­la­ry­ny we köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da çe­ken yh­las­ly zäh­me­ti­ni na­za­ra alyp, şeý­le hem Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li milli Lideri­mi­ziň Per­ma­ny bi­len, ýur­du­my­zyň söw­da top­lu­myn­da zäh­met çek­ýän bir­nä­çe ra­ýat­la­ry­myz Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sy­lag­la­ry we ýa­dy­gär­lik ny­şa­ny bi­len sy­lag­la­nyl­dy.