Döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi

14 Dekabr 2021
1339

Geçen anna güni nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen baýramçylyk çäresine nebitgaz toplumynyň jogapkär işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy.

Ilki bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen bu ýere ýygnananlary gutlady, soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet sylaglaryny gowşurmak hakynda Permany okaldy. Resminama laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz senagatyny ösdürmekde hem-de beýleki döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».