Bitaraplygymyz — buýsanjymyz

14 Dekabr 2021
1463

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň at-owazasy, abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä ýaýyldy. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan buýsanjy, guwanjy has-da artýar. Ýetip gelýän, täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy bolsa tutuş halkymyz tarapyndan buýsanç bilen kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasaty dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, abadan we bagtyýar durmuşy berkarar etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan Watanymyz «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barmak bilen,  parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, umumy abadançylygyň bähbitlerine dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden 2021-nji ýyly uly üstünliklere, belent sepgitlere beslenýär. Türkmenistan Watanymyzyň dünýäniň döwletleri, iri halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlyklary hem belent derejelere eýe

Daýanç MYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.