"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ertir howa nähili bolarka? (Muny bilmek gyzykly)

Her paslyň özüne mahsus ajaýyp howasy bolýar. Şol howa bilen hem tebigat gözel keşbe bürenýär. Emma şeýle-de bolsa «Gyşda howa sowuk bolýar» ýa-da «Tomusda yssy bolýar» diýlip oturylmaýar. Ertirki ýa-da has soňraky günleriň howasy barada köplenç gürrüň edilýär. Köp söhbetdeşlikleriň başlanmagynda hem howa gepbaşy bolýar. Toý-märeke etjekler, ekin meýdanlarynda işlejekler, gezelenje gitjekler, çöle çekene sürjekler, dostlary bilen futbol oýnajaklar, tamdyra çörek ýapjaklar... garaz, ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşa çenli belli bir derejede howanyň nähili boljakdygy barada gyzyklanýarlar. Eýsem, howa maglumaty nähili kesgitlenilýär?! Sagat näçede ýagyş ýagyp, näçede Gün çykjakdygyny, näçe galyňlykda gar ýagyp, näçe gradus aýaz boljakdygyny nädip anyklaýarlar?! Howany öwrenýän ylma «meteorologiýa» diýilýär. Bu ylym howply tebigy hadysalara garşy öňüni alyş çäreleri görmekde, oba hojalyk pudagynda ýokary hasyl almak üçin ygalyň wagtyny kesgitlemekde, howa we deňiz ýollarynda gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de syýahatçylykda örän möhümdir. Häzirki wagtda meteorologiýa ylmy diýseň kämilleşdi. Meteorologlar çylşyrymly matematiki hasaplamalaryň kömegi bilen ýakyn wagtda boljak howany ýokary ähtimallyk bilen çaklamagy başarýarlar. Olar ýerde, deňizde, dagyň depesinde, howada gurnalan dürli ölçeýji enjamlaryň berýän görkezijilerini ýörite niýetlenilen kompýuterlere girizýärle

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 18-nji ýanwarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine 0... +2° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm. Çyglylygy 70 — 90%.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 17-23-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3o sowukdan 0...+2o aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan -l...+lo aralygynda maýyl, gündizlerine -l...+lo-dan +4...+6o aralygynda maýyl bolar.

Daşky gurşawyň arassalygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns berýär. Ata Watanymyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň ähmiýetiniň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy wagyz edilýär. Giň möçberli işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşga-bat, etraplardyr şäherlerimiz gür baglyga beslenýär. Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi daşky gurşawy goramak meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr. Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny rejeli peýdalanmak, gözelligini aýawly saklamak hemmämiziň borjumyzdyr. Daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler Diýarymyzyň has-da gözelleşmegine hem-de tebigy baýlyklarymyzyň artmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlardyr etraplarda oturdylýan agaç nahallarynyň sanynyň köpeldilmegi diňe bir ýurdumyzy gür baglyga büremek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň abadan hem sagdy

Ekologiýa abadançylygy – möhüm wezipe

Dünýäniň abadançylygyny üpjün etmekde tebigatyň möhüm orny bar. Adam hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ähli döwürde-de özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrümiziň bu möhüm wezipesi aýratyn üns merkezinde saklanýar. Türkmenistan Arala ýakyn ýerleşýän döwletleriň biri bolmak bilen, sebitde ekologiýanyň arassalygy babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda birnäçe Rezolýusiýalary kabul etmegi hem muny doly tassyklaýar. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Aral sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, welaýatymyzyň demirgazyk çäklerinde, ýagny Bötendagda sazak tokaýlygyny döretmek işine aýratyn üns berýär. Munuň üçin bölünip berlen ýerleriň her ýylda tapgyrma-tapgyr özleşdirilmegi, ol ýerlerde çöl ösümlikleriniň yzygiderli ekilmegi bu ugra berilýän ünsüň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň welaýatymyzdaky bölüminiň işiniň ýola goýulmagy bu ugurdaky beýik maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Ekologiýa abadançylygy baradaky meseläniň, ilkinji nobatda, adam hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyny hem aýratyn nygtamalydyrys. Adamlaryň saglygyna oňyn tä

Durnukly ösüşiň binýady

Bütin adamzadyň üns merkezinde bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri milli Liderimiziň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» geljekde daşky gurşawyň goraglylygy bilen bagly ykdysady çykdajylary azaltmak, durmuş-ykdysady ösüşiň, şol täsirlere durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, zyýanly gazlaryň zyňylmagyny çäklendirmek we howanyň duýulýan hem-de çaklanylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tassyklan Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň milli strategiýasynyň we Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde tebigaty goramak, biodürlüligi we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, bug gazlarynyň çykarylyşyny kemeltmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny goldamak bilen, ýurdumyz senagat ulgamynda ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýan tehnologiýalary peýdalanmaga yzygiderli geçýär.

Daşky gurşawy goramagyň kanunçylyk binýadyna saldamly goşant

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren taryhy duşuşygynda, şeýle hem 2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Kanunlaryna täzeden seredip, olary döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny işlenilip taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň we Hazar deňziniň türkmen böleginiň çäklerinde tebigy, erkin ýagdaýda ýaşaýan aw haýwanlaryny köpeltmek, döwletiň aw baýlyklaryny goramak we rejeli peýdalanmak, şeýle-de ýurdumyzda seýrek duş gelýän, ýitip barýan ýa-da ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlary gorap saklamak, genofonduny dikeltmek hem-de durnukly peýdalanmak, aw awlamagyň berk düzgünlerini girizmek bilen, aw baýlyklaryny gorap saklamak babatda geçirilýän çäreleriň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan 2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda kabul edildi hem-de 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde makullanyldy.

Durnukly ösüşiň maksatlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Ýurdumyz daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerini halkara derejede çözmäge işjeň gatnaşýar. Aral deňzini halas etmek, Aral sebitiniň durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri uzak ýyllaryň dowamynda derwaýyslygyny saklap gelýär. Türkmenistan bu ekologiýa howpunyň netijelerini azaltmak ugrunda tagallalary birleşdirmäge işjeň çemeleşýär. Geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu resminamada daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak işini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz täsirini peseltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 11-nji ýanwarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine -1° sowukdan +1° çenli, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 3-9-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+7o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+lo-dan +1...+3o aralygynda maýyl, gündizlerine -4...+6o-dan +9...+11o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 4-nji ýanwarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar, ümürli bolmagy mümkin. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... +2°, gündizine +5... +7° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 65 — 85 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň 27-si — 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 2-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +3...+5o aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+9o-dan +12...+14o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 5-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4o sowukdan +2...+4o aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+8o-dan +11...+13o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 28-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Ýaşyl ykdysadyýet — şu gün hem geljek üçin

Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryny, gözelliklerini artdyrmak barada giňişleýin gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda belleýşi ýaly, tebigaty goramak, ony gözelleşdirmek, baýlyklarymyzy rejeli we netijeli ulanmak, geljekki nesillere abadan ekologik şertleri miras goýmak ýurdumyzyň oba hojalyk, senagat, ykdysadyýet pudaklarynda üstünlikli amala aşyrylan ägirt uly taslamalarda, meýilleşdirilýän işlerde hem-de maksat edilen köp ýyllyk maksatnamalarda doly görünýär. Adamzadyň tebigy baýlyklara aýawly garamak duýgulary ýaşyl ykdysadyýetiň döremegine getirdi. Ýaşyl ykdysadyýetiň esasy wezipesi howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, tebigy baýlyklary aýawly ulanmak, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek ýaly uly çärelerden ybarat.

Daşky gurşawyň abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň binýady

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durmuş-ykdysady ösüşlerimiziň ählisi daşky gurşawy goramagy üpjün etmek meseleleri bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşiniň tebigat bilen sazlaşykly gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň işine işjeň gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça hem anyk ädimleri ädýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde emeli tokaýlar okgunly giňeldilýär, seýilgähler döredilýär. Ilatly ýerleriň töwereginde, awtoulag ýollarynyň we demir ýollaryň ugrunda döredilen tokaý zolaklary ekologik taýdan amatly ýagdaýy emele getirýär.

Ekologiýa abadançylygynyň goragynda

Ýurdumyzyň bedew batly ösüşinde yzygiderli senagatlaşmak, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmek meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan döwletimizde daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygymyz halkara ekologiýa Konwensiýalarynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmy seljermeleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki zaman şertlerinde ylym dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşini kesgitleýär, şol bir wagtda-da şeýle ösüşi kanagatlandyrmak üçin täze usullardyr innowasiýalary döretmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň gazanýan innowasion täzelikleriniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biridir.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 25-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +2... +4° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Ekologiýa abadançylygy — bagtly geljegiň güwäsi

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli we netijeli peýdalanmakdan, geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde we ýurdumyzyň welaýatlarynda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy hem-de ýerleriň şorlamagynyň we çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir. Güneşli Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geljege gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. ªonuň bilen baglylykda, döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň ençemesine goşulmak bilen, bu ugurda durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly se

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji dekabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ümürli bolmagy mümkin. Günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm. Çyglylygy 65 — 85 %.

Abadançylygyň girewi

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde, ýurdumyzda daşky gurşawyň abadanlygy bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak köpugurly işi öz içine alýar. Munda tebigat ekologiýasy ugruna degişli bolan howanyň ynsanyň we beýleki janly-jandarlaryň dem almagy üçin zyýanly düzümleriň öňüni almak aýratyn ugry emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde üstünlikli alyp barýan ekologiýa diplomatiýasy netijesinde, häzirki wagtda BMG-niň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda tagallalary birleşdirmek we hyzmatdaşlykda iş alyp barmak babatda resminamalaryň ikisi kabul edildi. Ýurdumyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde millionlarça düýp bag nahallarynyň ekilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegidir. Şeýle-de ýurdumyzda senagatdan, önümçilikden zyňylýan zyýanly bölekleriň howany hapalamagynyň öňüni almak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, gazhimiýa, nebithimiýa, dökünhimiýa, ýangyç-energetika, gurluşyk, dokma, azyk we beýleki gaýtadan işleýiş senagat toplumlary ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, olarda ekologiki taýdan iň arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.