Daşky gurşawyň abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň binýady

25 Dekabr 2021
1497

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Durmuş-ykdysady ösüşlerimiziň ählisi daşky gurşawy goramagy üpjün etmek meseleleri bilen mäkäm baglanyşyklydyr. Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşiniň tebigat bilen sazlaşykly gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň işine işjeň gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça hem anyk ädimleri ädýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde emeli tokaýlar okgunly giňeldilýär, seýilgähler döredilýär. Ilatly ýerleriň töwereginde, awtoulag ýollarynyň we demir ýollaryň ugrunda döredilen tokaý zolaklary ekologik taýdan amatly ýagdaýy emele getirýär.

Bäşim ANNAGURBANOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.