Abadançylygyň girewi

21 Dekabr 2021
1441

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde, ýurdumyzda daşky gurşawyň abadanlygy bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýany we daşky gurşawy gorap saklamak köpugurly işi öz içine alýar. Munda tebigat ekologiýasy ugruna degişli bolan howanyň ynsanyň we beýleki janly-jandarlaryň dem almagy üçin zyýanly düzümleriň öňüni almak aýratyn ugry emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde üstünlikli alyp barýan ekologiýa diplomatiýasy netijesinde, häzirki wagtda BMG-niň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda tagallalary birleşdirmek we hyzmatdaşlykda iş alyp barmak babatda resminamalaryň ikisi kabul edildi. Ýurdumyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde millionlarça düýp bag nahallarynyň ekilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň möhüm bölegidir.

Şeýle-de ýurdumyzda senagatdan, önümçilikden zyňylýan zyýanly bölekleriň howany hapalamagynyň öňüni almak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, gazhimiýa, nebithimiýa, dökünhimiýa, ýangyç-energetika, gurluşyk, dokma, azyk we beýleki gaýtadan işleýiş senagat toplumlary ýurdumyzda yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, olarda ekologiki taýdan iň arassa tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Meret MEREDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.