Ekologiýa abadançylygy – möhüm wezipe

12 Ýanwar 2022
1477

Dünýäniň abadançylygyny üpjün etmekde tebigatyň möhüm orny bar. Adam hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ähli döwürde-de özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrümiziň bu möhüm wezipesi aýratyn üns merkezinde saklanýar. Türkmenistan Arala ýakyn ýerleşýän döwletleriň biri bolmak bilen, sebitde ekologiýanyň arassalygy babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda birnäçe Rezolýusiýalary kabul etmegi hem muny doly tassyklaýar.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Aral sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, welaýatymyzyň demirgazyk çäklerinde, ýagny Bötendagda sazak tokaýlygyny döretmek işine aýratyn üns berýär. Munuň üçin bölünip berlen ýerleriň her ýylda tapgyrma-tapgyr özleşdirilmegi, ol ýerlerde çöl ösümlikleriniň yzygiderli ekilmegi bu ugra berilýän ünsüň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň welaýatymyzdaky bölüminiň işiniň ýola goýulmagy bu ugurdaky beýik maksatlaryň we wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Ekologiýa abadançylygy baradaky meseläniň, ilkinji nobatda, adam hakyndaky aladadan gözbaş alýandygyny hem aýratyn nygtamalydyrys. Adamlaryň saglygyna oňyn täsir edýän arassa ekologiýany gorap saklamak döwrümiziň öňde goýýan möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary hem-de nusgalyk göreldesi bilen her ýylda millionlarça düýp bag nahallarynyň ekilmegi tebigatyň ýaşyl keşbe girip, howadaky tozan bölejikleriniň azalmagyna we arassalanmagyna uly täsir edýär. Umuman, döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky işleriň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen nusgalyk derejä eýedigini buýsanç bilen aýdyp bileris.

Ýulduz ATDEKOWA,
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.