Daşky gurşawyň arassalygy — jemgyýetiň sagdynlygy

13 Ýanwar 2022
1559

Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns berýär. Ata Watanymyzda ekologiýa bilen bagly meseleleri çözmegiň ähmiýetiniň adamzat jemgyýetiniň mundan beýläk-de durnukly ösüşi bilen baglydygy wagyz edilýär. Giň möçberli işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşga-bat, etraplardyr şäherlerimiz gür baglyga beslenýär. Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi daşky gurşawy goramak meselesine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny rejeli peýdalanmak, gözelligini aýawly saklamak hemmämiziň borjumyzdyr. Daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler Diýarymyzyň has-da gözelleşmegine hem-de tebigy baýlyklarymyzyň artmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi, paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlardyr etraplarda oturdylýan agaç nahallarynyň sanynyň köpeldilmegi diňe bir ýurdumyzy gür baglyga büremek bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň abadan hem sagdyn durmuşy barada edilýän aladalaryň hem anyk güwäsi bolup durýar.

Oguljennet ANNAGELDIÝEWA,
«Balkan».