Durnukly ösüşiň maksatlary

10 Ýanwar 2022
1501

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde alyp barýan parahatçylyk ýörelgesi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Ýurdumyz daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerini halkara derejede çözmäge işjeň gatnaşýar. Aral deňzini halas etmek, Aral sebitiniň durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meseleleri uzak ýyllaryň dowamynda derwaýyslygyny saklap gelýär. Türkmenistan bu ekologiýa howpunyň netijelerini azaltmak ugrunda tagallalary birleşdirmäge işjeň çemeleşýär.

Geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu resminamada daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak işini amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Aral deňziniň guramagynyň ýaramaz täsirini peseltmek, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.