"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Sagdyn bolaýyn diýseňiz

Ýiti respirator keselleriň möwjeýän döwründe beden immuniteti pugtalandyrmagyň ähmiýeti uludyr. Ter we kakadylan miweler, täze sykylan şireler, ter gök otlardan taýýarlanan işdäaçarlar hem-de süýt önümleri beden immunitetini ýokarlandyrmak üçin örän peýdalydyr. Keseliň öňüni almak üçin kadaly, sagdyn iýmitlenmek, esasan hem, düzüminde C witamine baý önümleri iýmeklik peýdalydyr. C witamini adamlaryň kesellere garşy goraýjylyk ukybyny beýgeldýär. Limonly, bally çaý, burçly unaş içmeklik keseliň ilkinji alamatlaryndan gutulmaga uly ýardam edýär. 

Saglyk — baş baýlyk

Arassaçylyk bilen saglyk öz aralarynda berk baglydyr. Sagdyn ýaşamak üçin arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek, arassa howada gezelenç etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, zyýanly endiklerden daşda durmak, talabalaýyk witaminlere we minerallara baý önümler bilen iýmitlenmek zerurdyr. Dürli mikroblardan we ýokanç kesellerden goranmak üçin, daşardan geleniňizde öýde, okuwda we iş şertlerinde hökman elleriňizi sabynlap ýuwup, düzüminde spirt saklaýan ýörite erginler bilen zyýansyzlandyrmaly. Daşaryk çykylanda, köpçülik ýerlerine barlanda burnuňa oksolin melhemini çalyp, dem alyş ýollary üçin niýetlenen agyz-burun örtüklerini dakynmaly, howpsuz 2 metr araçägi saklamaly. Dem alyş ýollary bilen geçýän wiruslar, ilki bilen burun-damak ýollarynda saklanýar.

Saglygyň sakasy

Her gün miwelerdir gök önümleriň (käşir, turp, alma, pyrtykal, nar, armyt) dört-bäş görnüşini iýmäge çalyşmalydyr. Sitrus miwelerinde witaminler uzak wagtlap saklanýar. Käşirde, kädide A witamini köp mukdarda saklanýar. Bu witamin diňe ýag bilen bilelikde ulanylanda doly özleşýär. Şol sebäpli bu önümlerden taýýarlanan işdäaçarlara maýonez däl-de, ösümlik ýagyny goşmak maslahat berilýär.

Saglygym — baş baýlygym

Saglyk — bahasyz baýlyk. Bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerurdyr. — Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gyzgyn suw bilen gowy ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Saglygyň gadryny bilgil...

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Lukmanyň maslahaty

Agyz-burun örtüklerini ulanyň! Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň! Çig we taýýar iýmitleri kesmek üçin aýratyn pyçaklary we tagtalary ulanyň!

Ähli zadyň sakasy saglykdyr

Saglyk her bir adam üçin esasy gymmatlykdyr. Raýatlaryň saglygynyň gowy bolmagy durnukly ykdysady ösüşiň iň zerur şerti we jemgyýetiň abadançylygynyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet   maksatnamasy her bir raýatyň saglygyny goramak we berkitmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek boýunça esasy ugurlary öz içine alýar. Milli Liderimiz halkyň saglygy, ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar we ylymly-bilimli ösüp ulalmagy üçin ähli tagallalary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda badalga beren giň möçberli özgertmelerine laýyklykda, täze, döwrebap sport-sagaldyş desgalary, saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Ýurdumyzda ençeme saglyk öýleriniň, şypahanalaryň durky häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän «Ene mähri» merkezleri ilata ýokary hilli hyzmat edýärler. Şeýle işleriň netijesinde eziz Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň hem bagtyýarlygyň mekanyna öwrüldi.

Bagtyýarlyk döwrümiziň bezegi

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde geçirilen çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça badalga berlen özgertmeleriň, ynsan saglygyny goramakda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatdan gözbaş alýandygyny, ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, durky düýpli täzelenen, halkara ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap şypahanalaryň hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakda edýän aladalarynyň subutnamalary bolup durýandygyny nygtadylar. Zenanlara hormat-sarpa goýup, olaryň eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdylan çärede gyz-gelinlere hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlary şowhunly el çarpyşmalaryň astynda gowşuryldy.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sagdyn bolaýyn diýseňiz

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny üpjün etmek üçin itburun, çopantelpek, buýan köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmeli. Otaglarda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini yzygiderli amala aşyrmaly.

Sagdynlygyň diýary

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, täze gurulýan saglygy goraýyş desgalaryny göreniňde bu ugurda bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde gözel paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň baýyrlygynda döwrüň iň kämil enjamlary bilen doly üpjün edilen döwrebap kesel bejeriş we anyklaýyş merkezleriniň mähriban halkymyzyň saglygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki arassa jemgyýet, abadan durmuş, saglyk bagtly şadyýan ýaşaýşyň çeşmesidir. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda ähli halkymyzyň sagdyn durmuşyny kemala getirmekde amala aşyrylan beýik işler häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Gözel paýtagtymyzda kämil enjamlar bilen üpjün edilen kesel bejeriş edaralarynyň aglabasy «Kesel bejeriji halkara merkezleri» diýlip atlandyrylmak bilen her bir türkmenistanly bilen birlikde, daşary ýurtly raýatlara hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny edýär. Şunda bu ýokary derejeli kesel bejeriş merkezleriniň bütin adamzada hyzmat etmäge niýetlenendigi aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyna degişli ençeme milli we döwlet maksatnamalary, şol sanda Türkmenistanda şypahana gullugyny ösdürmegiň milli maksatnamasy üstünlikli berjaý edilýär. Berkarar Diýar

Ykbal size gülüp baksyn!

8-nji martda ― Halkara zenanlar gününde çar tarapdan gelýän gutlaglary eşitmek örän ýakymly. Welaýat ýokanç keselleri hassahanasynyň lukmany Albina Bazarowa hem baýramçylyk mynasybetli ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär: ― Göwnüňe bolmasa, gözellik, ezizlik, näziklik ýaly mukaddeslikler zenan diýlen umumy jümlede birleşýän ýaly bolup dur. Bu barada Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda has köp oýlanýarsyň. Zenan ― ejeň, zenan ― öýüň bikesi, zenan ― uýaň, zenan ― gyzyň. Olaryň haýsy biriniň gadyry beýlekisiniňkiden pes?! Her biri — öz ýerinde ornuny hiç kim tutup bilmejek beýiklik. Şonuň üçin hem bu baýramda olaryň her birini ýeke-ýekeden gutlasyň gelýär.

Saglygymyz — baýlygymyz

Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly!Elleriňizi hapa bolmasa-da sabyn bilen yzygiderli ýuwuň!Dermanlyk ösümlikleri kada laýyk ulanyň!Azyk önümleriniň howpsuzlugynyň düzgünlerini berjaý ediň!

Saglygymyz öz elimizde

Ýaz ajaýyp pasyllaryň biri. Ýazyna Zemin gözel görke gelýär. Bu pasylda dürli gök önümleriň, miweleriň her birisi dogry ulanylanda saglyga peýdalydyr. Ýöne käbir adamlarda allergiki ýagdaýlar hasaba alnan bolsa we olara lukman tarapyndan belli bir iýmit önümlerinden saklanmak maslahat berlen bolsa, bu maslahaty hökman doly berjaý etmeli. Sebäbi sepgitde bedende belli bir uýgunlaşma hadysasy bolup geçýär we beden ujypsyz üýtgeşmelere hem ýokary täsirli jogap berip bilýär. Şol sebäpden pasyl çalşygynda dogry we sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Arassa suw, gök önümler, süýt we süýt önümleri peýdalydyr. Ýazyna dürli iýmit zäherlenmeleriň öňüni almak maksady bilen, azyk önümlerine bildirilýän arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Meýdanda ýygylýan kömelegi tanaman, anyklaman peýdalanmak, iýmek maslahat berilmeýär. Zäherlenmek hadysasynyň bolmagy mümkindir. Pasla görä dogry geýinmeli. Derläp daşaryk çykmak ýa-da gyzyp gelip sowuk suwa ýuwunmak, sowuk suwlary içmek gadagandyr. Aýakgaplar ykjam, rahat bolmaly. Her bir adam zähmet bilen ukyny sazlamaly. Ýeterlik ukyny almaly. Günüň dowamynda fiziki işjeň ýagdaýda bolmaly. Dürli atdanlykda döräp biljek şikeslerden goranmak üçin ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmeli. Öýde gündeki amallar ýerine ýetirilende seresap we ünsli bolmaly, ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmeli. Aşgarly, turşulykly erginleri, himiki ýuwujy serişdeleri

Öňüni alyş sanjymlary — ynsan saglygynyň ygtybarly kepili

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň gerimi ýyl-ýyldan giňeldilýär. Häzirki döwürde ýokanç keselleriň öňüni almagyň esasy usullarynyň biri sanjymlama bolup durýar. Türkmenistanda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň Milli maksatnamasyna wirusly gepatitiň A we B görnüşlerine, inçekesele, poliomiýelite, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, hib, rotawirus, pnewmokokk ýokançlaryna we adamyň papilloma wirusyna garşy waksinalar girýär. Ýokarda agzalan keselleriň ilatymyzyň arasynda seýrek duş gelmegi hem-de ýurdumyzda keselçiligiň derejesiniň peselmegi immuno-öňüni alyş işleriniň guramaçylykly geçirilýändiginiň we bu işe ilatyň işjeň gatnaşýandygynyň subutnamasydyr.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Ýurdumyzyň ähli ýerinde ilatyň saglygy ugrunda düýpli alada edilýär. Şonuň ýaly- -da saglyk merkezleri, sagaldyş öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ol ajaýyp binalar häzirki döwrüň talabyna laýyk enjamlar bilen üpjün edilip, halka hyzmat edýär. Murgap etrap hassahanasynyň maslahat beriş bölüminiň lukmanlary gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar. Hassahananyň göz lukmany Annaberdi Babaýew hem gelýän näsaglara maslahat berip, bejergi işlerini geçirýär. Ol bu hassahanada birnäçe ýyl bäri zähmet çekip gelýär we ilatyň alkyşyna eýe bolýar.

Ynsan hakynda alada

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak milli Liderimiziň ilatyň durmuş goraglylygyny netijeli üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün etmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, lukmançylyk edaralaryny iň täze enjamlar bilen üpjün etmek ýaly möhüm wezipelere döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Häzirki döwürde bütin dünýä ýüzünde ýaýran ýiti öýken ýokanjy bilen baglanyşykly emele gelen çylşyrymly ýagdaý munuň şeýledigini ýene-de bir gezek subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň tagallalary bilen ýurdumyza ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işler turuwbaşdan yzygiderli amala aşyryldy. Netijede, biziň ýurdumyz dünýäde bu howply kesel resmi taýdan hasaba alynmadyk az sanly döwletleriň biri bolmagynda galýar.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Ýiti respirator keseli diýlip, adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli, esasan-da, pasyl çalşygynda has köp ýüze çykýar. Şol sebäpli kesellerden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň! Şeýle-de: • Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Saglyk egsilmez baýlykdyr

Ak bugdaý etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň zähmetkeşleriniň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri, etrap hassahanasynyň lukmanlary agzalan kärhanada bolmak bilen, zähmetkeşlere «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler, bu ugra gönükdirilen we üstünlikli amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler barada täsirli gürrüň berdiler. Etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetini belläp, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, 2 metr howpsuz araçägi saklamagyň, şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň peýdasy barada aýratyn durup geçdiler, degerli maslahatlaryny berdiler.

Zähmet we sagdynlyk

Saglyk hem-de zähmet biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Saglyk islendik adam üçin gymmatly baýlykdyr. Zähmet çekýän adam üçin bolsa bu hökmany zerurlykdyr. Sebäbi adamyň saglygy onuň ýerine ýetirýän işine ýa-da öndürijiligine täsir edýär. Şu nukdaýnazar bilen, işi öndürijilikli ýerine ýetirmegiň hem-de saglygyňy berkitmegiň käbir usullaryny size ýetirmegi makul bildik, mähriban okyjylar. Wagtal-wagtal iş ýeriňizden turmagy endik edinmeli.