Sagdynlygyň diýary

5 Mart 2021
851

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, täze gurulýan saglygy goraýyş desgalaryny göreniňde bu ugurda bitirilýän beýik işlere bolan buýsanjyň artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde gözel paýtagtymyzyň günortasynda, gojaman Köpetdagyň baýyrlygynda döwrüň iň kämil enjamlary bilen doly üpjün edilen döwrebap kesel bejeriş we anyklaýyş merkezleriniň mähriban halkymyzyň saglygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki arassa jemgyýet, abadan durmuş, saglyk bagtly şadyýan ýaşaýşyň çeşmesidir. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda ähli halkymyzyň sagdyn durmuşyny kemala getirmekde amala aşyrylan beýik işler häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

Gözel paýtagtymyzda kämil enjamlar bilen üpjün edilen kesel bejeriş edaralarynyň aglabasy «Kesel bejeriji halkara merkezleri» diýlip atlandyrylmak bilen her bir türkmenistanly bilen birlikde, daşary ýurtly raýatlara hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny edýär. Şunda bu ýokary derejeli kesel bejeriş merkezleriniň bütin adamzada hyzmat etmäge niýetlenendigi aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyna degişli ençeme milli we döwlet maksatnamalary, şol sanda Türkmenistanda şypahana gullugyny ösdürmegiň milli maksatnamasy üstünlikli berjaý edilýär. Berkarar Diýarymyzda dünýä belli ençeme şypahanalar «Arçman», «Mollagara», «Ýyly suw», «Farap», «Baýramaly», «Daşoguz», «Berzeňňi», «Awaza», «Bagabat» ýaly şypahanalary keselleri bejermekde we öňüni almakda halkymyza ýokary hilli hyzmat edýär. Bu döwrebap şypahanalara barýanlar aşgazan-içege we öt çykaryş ulgamlarynyň, nerw, süňk we bogun, dem alyş ýollarynyň, böwrek ýetmezçiliginiň, iýmit siňdiriş, ýürek, gan-damar ulgamlarynyň we başga-da ençeme kesellerinden saplanýarlar.

Toýly JUMAÝEW,
Görogly etrabynyň Köpugurly hassahanasynyň lukmany.