Ýiti respirator keseli diýlip, adamyň ýokarky dem alyş agzalarynyň sowuklamasyna aýdylýar. Wiruslaryň döredýän bu keseli, esasan-da, pasyl çalşygynda has köp ýüze çykýar. Şol sebäpli kesellerden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň! Şeýle-de:
• Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal gowy edip ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!