Bagtyýarlyk döwrümiziň bezegi

5 Mart 2021
826

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde geçirilen çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça badalga berlen özgertmeleriň, ynsan saglygyny goramakda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatdan gözbaş alýandygyny, ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş merkezleriniň, sport toplumlarynyň, durky düýpli täzelenen, halkara ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan döwrebap şypahanalaryň hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramakda edýän aladalarynyň subutnamalary bolup durýandygyny nygtadylar.

Zenanlara hormat-sarpa goýup, olaryň eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdylan çärede gyz-gelinlere hormatly Prezidentimiziň pul sowgatlary şowhunly el çarpyşmalaryň astynda gowşuryldy.

Dünýägözel ORAZOWA,
«Balkan».