Saglyk egsilmez baýlykdyr

4 Mart 2021
905

Ak bugdaý etrabynyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň zähmetkeşleriniň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri, etrap hassahanasynyň lukmanlary agzalan kärhanada bolmak bilen, zähmetkeşlere «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler, bu ugra gönükdirilen we üstünlikli amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler barada täsirli gürrüň berdiler. Etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirilen duşuşykda çykyş edenler bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmagyň, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň, sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýetini belläp, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, 2 metr howpsuz araçägi saklamagyň, şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň peýdasy barada aýratyn durup geçdiler, degerli maslahatlaryny berdiler.