"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Ajaýyp kitaplary okap...

Ajap zamanany gurýar watanym, ýaşlar bilen öňe barýar watanym! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bosagasynda “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny sowgat etmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýakymyny has-da artdyrmak bilen, kalbymyzy buýsançly duýgulara besledi. Hormatly Prezidentimiz bu kitabyň üsti bilen türkmen ýaşlaryna, halka, adamzada hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezýär. Täze kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri, gazanan ajaýyp üstünlikleri öz beýanyny tapýar.

Şöhratly geçmişimiziň guwanjy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okyjylara gowşan täze — “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly ajaýyp kitaby gadymy türkmen topragynyň şan-şöhratly geçmişine guwanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, döwet galamyndan çykýan kitaplary halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň has-da baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolup, il-günümizde uly gyzyklanma döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynda türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň biri dogrusynda söhbet açylýar. Täze kitapda ak bugdaýyň mekany hökmünde ykrar edilen Änew medeniýetiniň şan-şöhraty dogrusynda okyja ýetirilýän gymmatly maglumatlar uly gyzyklanma döredýär. Dogrusy, bu kitapda geçmişi şan-şöhrata beslenip, şu güni abadan, geljegi bagtyýar türkmen topragyna buýsanç duýgusy çeper beýan edilýär. “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýilýän jümleden ugur alnyp, ýurdumyzda taryhy-medeni mirasymyzy goramakda uly işleriň bitirilýändigi barada-da buýsanç bilen beýan edilýär.

Belent maksatlaryň zamany

Ösýär-özgerýär gözel Diýarym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz günsaýyn gülläp ösýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, bagtyýar halkymyzyň bähbidine, halkara abraýymyzyň artmagyna gönükdirilen maksatnamalar, iri taslamalar amala aşyrylýar.

Hünärli ýigit hor bolmaz

Podpolkownik Şadurdy Şalykowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň inžener-tehniki serişdelerini bejeriş ussahanasynyň şahsy düzümi tarapyndan demir-beton sütünleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Ezber serhetçilerimiz öz elleri bilen ýasan enjamlarynyň kömegi bilen, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli sement we demir önümlerini ulanmak arkaly ýasalýan bu demir-beton sütünleri, dost-doganlyk serhedimiziň goragynda germew we gorag haýatlaryny gurnamakda ulanylar. Ussahanada iş alyp barýan harby gullukçylaryň aglabasy çagyryş boýunça harby gullukçylar bolup, olar kesgitlenen möhletlerde okadylyp, degişli hünärler öwredilýär. Şeýle-de halypa-şägirtlik ýoly arkaly ussat serkerdeler öz tejribelerini ýaş esgerler bilen paýlaşýarlar. Şonuň netijesinde hem esgerler nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde has-da kämilleşdirýärler. Bu bolsa olara geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmäge giň ýol açýar. Myrat NAZAROW,kapitan.

Psihologiýa hepdeligi

Ýakynda podpolkownik Myrat Hojagulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde «Psihologiýa kämil terbiýäniň gönezligidir» ady bilen hepdelik guraldy. Hepdeligiň dowamynda harby gullukçylaryň psihiki saglygyny berkitmek hem-de ahlak-psihologik ýagdaýlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, psihiki kömek we dikeldiş otagyna barmak hem-de psihologik rahatlandyryjy trening geçmek, bu ugurdaky maslahatlary diňlemek ýola goýuldy. Hepdelik aýdym-sazly agşam bilen jemlenip, onda bäsleşiklerde ýeňiji bolanlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arslan KAKABAÝEW, kapitan.

Asudalygyň goragynda

Utgaşykly tagallalar Ajap eýýamymyzda il-günümiziň asudalygyny üpjün edip, raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagy bilen bagly wezipeleriň oňyn çözgüdi içeri işler edaralarynyň işgärlerine degişlidir. Bu wezipäniň berjaý edilmegi ýokary jogapkärçiligi talap edip, şeýle wezipä abraý bilen hötde gelmekde uly aladalar edilýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Rugsatlaryň kanunçylygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ösüşli ýoluna itergi berýär. Türkmenistanyň 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Zähmet kodeksiniň 83-109-njy maddalarynda Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň rugsada bolan hukugy düzgünleşdirilendir.

“Maru — şahu jahan” welaýat gazetine isleg köp

Çeper söze teşneleriň uzak garaşan döwri geldi. Garaşsyz hem baky Bitarap Diýarymyzda 2024-nji ýylyň 2-nji ýarymy üçin döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygy başlandy. Bu möhüm işe Saýat etrabyndaky 62-nji orta mekdebiň mugallymlarydyr tehniki işgärleri ilkinjileriň biri bolup girişdiler. Abuna ýazylyşygyny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Sylap Babaýew alyp barýar. Onuň ýanyna gelen her bir abunaçy: “Meni “Maru — şahu jahana” ýazyň!” diýip haýyş bilen ýüzlenýär. Bu bolsa eziz gazetimiziň elektron we kagyz görnüşine islegiň köpdügine, mertebesiniň juda beýikdigine, il içinde şeýle derejede arzylanýandygyna güwä geçýär. Beýleki işlerde bolşy ýaly, abuna ýazylyşygynda hem mekdebiň müdiri Alym Bazarow, müdiriň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary Serdar Baýrammyradow, mugallymlardan Gülnara Durdyýewa, Arslan Hemraýew, Nursoltan Işangulyýewa, Seýran Nurmuhammedow, Täzegül Atamyradowa, Hursant Haýytmyradowa, Aýnur Joraýewa, Jumamyrat Allamyradow, Annaguly Gulow, Meýlis Işnagulyýew ilkinjiler boldular.

Mähriban ýurdumyz — baky söýgimiz!

Watan — dünýä inen mukaddes topragymyz. Bu toprakda seniň ene-ataň, doganlaryň, ilkinji ädimleriň, okamagy we ýazmagy öwrenen mekdebiň, dogan-garyndaşlaryň, dostlaryň we goňşularyň bar. Ähli mukaddeslikleri özünde jemleýän şu Watan, şu toprak ýüregiňde watançylyk duýgusyny kemala getirýär. Watançylyk duýgusy — bu seniň öz Watanyň geljegi üçin duýýan jogapkärçiligiň. Watançylyk duýgusy — kalbyňy ganatlandyryp, saňa ähli kynçylyklardan üstün çykmaga kömek edýär. Watan söýgüsi — bizi jebisleşdirýär. Netijede, biziň hemmämiz ýakynlarymyzyň bagtyny isleýäris. Öýümizde asudalygyň, saçaklarymyzda çöregiň bolmagyny isleýäris. Diýmek, biziň maksadymyz bir. Biziň ählimiz halkymyzy jebisleşdirýän Watana gulluk edýäris. Biziň hemmämiz — watandaşlar. Hormatly Watan goragçysy!

Dumly-duşdan dürli-dümen

Balyklaryň ýörişi Maý aýynyň ahyrlary, iýul aýy aralygynda Günorta Afrikanyň suw bilen galtaşýan kenarlary göçüp barýan sardina balyklarynyň millionlarçasyndan pürepür dolýar. Oňa «sardinalaryň uly göçüşi ýa-da ýörişi» diýilýär. Bu balyklaryň 7 kilometre uzaýan, ini 1,5 kilometr, çuňlugy 30 metr bolan örän uly topary günortadan demirgazyga akymyň ugry bilen ýyly suwlara tarap ýöriş edýär. Şonda topar-topar bolup barýan balyklar täsin tebigy görnüşi emele getirýärler. Sardinalar duşmandan goranmak üçin diametri 10-20 metr bolan ýumak görnüşinde toplanyp, ýollaryny dowam etdirýärler. Olar Hindi ummanynyň ýyly suwlarynda tohum taşlaýarlar. Sardinalar ýyrtyjy suw jandarlarynyň, guşlaryň iýmiti bolýarlar. Balyklaryň müňlerçe kilometrlik suwasty göçüşine kenardan hem syn etmek bolýar.

Milli “Ak bugdaý” muzeýine syýahat

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndam Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýine syýahat guraldy. Bu syýahat Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi mynasybetli geçirildi. Syýahatyň başynda muzeýiň hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda bu täsin muzeý hakdaky beýan etmeleri barada gürrüň berdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ajaýyp eserinde Milli “Ak bugdaý” muzeýi we ondaky gymmatlyklar barada aýratyn söhbet açýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasyny gurdurar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň binagärlik we şähergurluşyk keşbini özgertmek, şeýle hem aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünliki durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Aragatnaşyk merkeziniň edara binasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Baş bina” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de edara binasyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Mary welaýatynyň çäginde iki sany awtoulaglara ýangyç guýuş beket açyldy

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň 309,7-nji kilometrliginde täze iki sany awtoulaglara ýangyç guýuş beketler açylyp ulanylmaga berildi. Bu barada “Nebit-gaz” gazeti sişenbe güni habar berdi. Awtoulaglara ýangyç guýuş beketler “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.

Maşgalanyň bagtyýarlygy ugrunda

Türkmen jemgyýetinde asyrlaryň jümmüşinden bäri maşgala institutynyň belent abraýy saklanyp gelýär. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we ululara hormat goýmak, geçirimlilik, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň taryhy köklerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda maşgalanyň jemgyýetiň özenidigini, özboluşly ilkinji guramadygyny, onda gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleriniň kemala gelip, dürli meseleleriň çözülýändigini, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydygyny, maşgalanyň näçe berk boldugyça, jemgyýetiň şonça-da hemmetaraplaýyn baýdygyny, biziň esasy wezipämiziň türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan, berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdygyny yzygiderli belleýär. Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde maşgalanyň goraglylygyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biri bolup öňe çykýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň maşgala mukaddesligini gorap saklamak, agzybirligini berkitmek baradaky tabşyryklaryny amal etmek maksady bilen, milli kanunçylygymyza seljerme geçirilip, «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny

Halkymyzyň milli buýsanjy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bagtyýar halkymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyny dabaraly belläp geçdi. Bu senäniň çäginde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baý many-mazmunly çäreler guraldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça degişli Buýrugyna laýyklykda, Arkadag şäherinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de bedewleriň gözelligini çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi we ýeňijileriň dabaraly ýagdaýda sylaglanmagy behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende göterilmeginde ähmiýetli boldy. Ruhubelentlige beslenen toý çärelerine atçylyk ugrundan bilim alýan talyp ýaşlaryň hem işjeň gatnaşandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.

Behişdi bedewleriň şan-şöhraty

Türkmen bedewiniň milli baýramy ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem uludan bellenip geçildi. Welaýat derejesindäki esasy dabara Bäherden etrabynyň Börme obasynyň golaýynda — tebigatyň gözel ýerinde ýaýbaňlandyryldy. Oňa köp sanly ildeşlerimiz gatnaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlarda, milli ruha beslenen tans-halk döredijilik çykyşlarynda gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň waspy joşgunly beýanyny tapdy.

Döwrebap ösüşleriň ýolunda

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrümiz özgerýär, döwletimiz ösýär. Bu gün dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan, sebitde halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň gümrük edaralarynda döwrebap işler alnyp barylýar. Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylyk we maddy-tehniki binýady pugtalandyrylyp, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygynyň derejesi ýokarlanýar. Häzirki döwürde gümrük edaralarynyň täze edara binalaryny gurmak, gümrük nokatlaryny ylmyň iň soňky gazanan tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek, gümrük işini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny işläp taýýarlamak we ony gümrük edaralarynyň işine ornaşdyrmak Döwlet gümrük gullugynyň amala aşyrýan işleriniň esasylary bolup durýar.

Möhüm meselelere bagyşlandy

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýat häkimliginiň, welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de welaýatyň daşky gurşawy goramak müdirliginiň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Tomus möwsüminde ýangynyň ýüze çykmak hadysasynyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilen maslahata häkimlikleriň, edara-kärhanalaryň degişli hünärmenleri, arçynlyklaryň işgärleri, bagbanlar hem-de beýleki degişli adamlar gatnaşdy. Maslahatda welaýatymyzyň çäginde şu ýylyň tomus möwsüminde ýangynyň ýüze çykmak hadysasynyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan taýýarlyk işleri, durmuşa geçirilmeli çäreler barada gürrüň edildi. Çykyşlarda tomus möwsüminde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek, ekin we öri meýdanlarda, tokaýlarda, daglarda, serhet ýakalarda, oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde, şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň ýygnalýan, daşalýan, saklanýan döwründe ýangynyň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak we ýangyn howpsuzlygyny güýçlendirmek maksady bilen häzirden degişli tagallalaryň edilýändigi barada nygtaldy, bu babatda degişli adamlaryň jogapkärçiligi dogrusynda aýdyldy.

Zähmetinden kemal tapan

Oguljemal daýza saýlap alan kärinden lezzet alyp işleýär. Özboluşly owadanlygy, anbar ysy bilen kalbyňy joşdurýan dürli gülleri, pürli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmegiň lezzeti-de başgaça. Ol säher bilen işe baryp, eken güllerini synlamak, olar bilen özüçe sözleşmegi adaty endigine öwrüpdir. Türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellige beslenmeginde bagban zenanyň mynasyp zähmet paýy bar. Bu asylly işleri oňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly şatlyk getirdi. Ak bugdaý etrabynyň jemagat hojalygy kärhanasynyň bagbany Oguljemal Ataýewa bu taryhy ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Onuň saýlap alan hünärinden göwnüniň hoşdugyny gyzykly gürrüňlerinden hem duýmak bolýar: — Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek barada edýän bimöçber aladalary bizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwsüp duran pürli baglara, al-elwan açylan güllere ideg edýän wagtym bu gözellikleriň halkymyza ruhy joşgun paýlamak bilen birlikde, arassa howany hem bagyş edýändigine buýsanjym artýar. Men esasan dürli gülleri ösdürip ýetişdirmegi gowy görýärin. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk meýdan gülleri barada okap, olaryň arasyndan haýsy birini öý şertlerinde ösdürip boljakdygy barada oýlanyp, sary gül

Atam şeý diýerdi... (edebi gürrüň)

Tebigat müňlerçe ajaýyp baýlyklary hut bize — adamlara bagyş edipdir. Dünýäniň gurluşy diýseň owadan. Ol akyl ýetirerden hem täsin. Her säher nurly Günüň parlap dogmagy, baharda gülleriň burk urmasy, iň esasan hem şu ajaýyp pursatlary adamlaryň lezzet bilen synlamagy bagt. Tebigatyň ynsana eçilen baýlyklary sanardan kän. Adamyň dünýä inmeginden başlap, güljagazlardyr otjagazlaryň gögerip çykyşy, kindiwanja ýumurtgajyklardan jüýjeleriň çykyp, az salymdan soň ganat gerip, uçmak bilen asmany bezemegi nähili ajaýyp gudrat. Atam şeý diýerdi: «Tebigy gözellikler gudratdyr. Olaryň göze görünýäni hem bardyr, görünmeýäni hem bardyr. Her paslyň hem öz gözelligi, lezzeti, rysgy bolýar. Edil şonuň ýaly her adamyň hem öz kysmaty, rysgaly we ýazgydy bolýandyr». Atam ýene-de: «Ýykylýaňmy synag bil, galýaňmy, sylag bil!» diýip, adamyň durmuşda ýykylyp, galmak bilen taplanýandygyny ýatladardy. Bu dogrudan hem şeýle. Ýaşaýyşda ýykylyp, galmaýan, göreşip taplanmaýan adam ýok bolsa gerek. Men mydama atamdan eşidenlerim hakynda oýlanmagy gowy görýärin. Olary unudasym gelmeýänligi üçin köp ýatlaýaryn. Ol hemişe: «Durmuş synamak bilen mertleri kemala getirýär. Arkaňa atylan durmuş ýüküni çekip bilmek, şol bir wagtyň özünde-de mätäçlere ýardam etmek mertlikden nyşan hem-de beýik adamkärçilikden alamatdyr. Her hili ýagdaý bolsa-da, adamkärçilik diýilýän zady ýitirmeli däldir!» diýip sargyt ederdi.