Maşgalanyň bagtyýarlygy ugrunda

1 Maý 2024
297

Türkmen jemgyýetinde asyrlaryň jümmüşinden bäri maşgala institutynyň belent abraýy saklanyp gelýär. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we ululara hormat goýmak, geçirimlilik, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň taryhy köklerinden gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynda maşgalanyň jemgyýetiň özenidigini, özboluşly ilkinji guramadygyny, onda gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleriniň kemala gelip, dürli meseleleriň çözülýändigini, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydygyny, maşgalanyň näçe berk boldugyça, jemgyýetiň şonça-da hemmetaraplaýyn baýdygyny, biziň esasy wezipämiziň türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan, berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdygyny yzygiderli belleýär.

Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde maşgalanyň goraglylygyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biri bolup öňe çykýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň maşgala mukaddesligini gorap saklamak, agzybirligini berkitmek baradaky tabşyryklaryny amal etmek maksady bilen, milli kanunçylygymyza seljerme geçirilip, «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanuna laýyklykda, maşgala oňşuksyzlygynyň döremegine getirýän sebäpleriň hem şertleriň öňüni almak, olary aradan aýyrmak, maşgala abatlygyny gazanmak babatda hereket edýän kanunçylykda kesgitlenen öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, maşgala gymmatlygyny goramak we bitewüligini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 149-njy maddasynyň ikinji böleginden soňra, nika bozmak hakyndaky hak isleýiş arzasynda är-aýalyň bile ýaşamagy, maşgalanyň saklanyp galmagy mümkinçiliginiň aradan aýrylandygy barada nikany bozmagyň sebäpleriniň hem-de oňa getiren ýagdaýlaryň anyk görkezilmelidigi barada goşmaça bölek girizildi.

Ýusupguly EŞŞÄÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar