Zähmetinden kemal tapan

30 Aprel 2024
665

Oguljemal daýza saýlap alan kärinden lezzet alyp işleýär. Özboluşly owadanlygy, anbar ysy bilen kalbyňy joşdurýan dürli gülleri, pürli, saýaly baglary ösdürip ýetişdirmegiň lezzeti-de başgaça. Ol säher bilen işe baryp, eken güllerini synlamak, olar bilen özüçe sözleşmegi adaty endigine öwrüpdir. Türkmen tebigatynyň ajaýyp gözellige beslenmeginde bagban zenanyň mynasyp zähmet paýy bar. Bu asylly işleri oňa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly şatlyk getirdi. Ak bugdaý etrabynyň jemagat hojalygy kärhanasynyň bagbany Oguljemal Ataýewa bu taryhy ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Onuň saýlap alan hünärinden göwnüniň hoşdugyny gyzykly gürrüňlerinden hem duýmak bolýar:

— Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek barada edýän bimöçber aladalary bizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwsüp duran pürli baglara, al-elwan açylan güllere ideg edýän wagtym bu gözellikleriň halkymyza ruhy joşgun paýlamak bilen birlikde, arassa howany hem bagyş edýändigine buýsanjym artýar. Men esasan dürli gülleri ösdürip ýetişdirmegi gowy görýärin. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk meýdan gülleri barada okap, olaryň arasyndan haýsy birini öý şertlerinde ösdürip boljakdygy barada oýlanyp, sary gül açýan akargüli, näzik gülli benewşäni, ýiti gyzyl reňkli gülälegi öý şertlerinde ösdürip bolýandygyna göz ýetirdim.

Keýik UMAROWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar